BAŞ BAÝLYGYŇ GORAGY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe adam saglygy barada edilýän üns-alada mese-mälim duýulýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän täze

binalardyr desgalaryň esasy böleginiň saglyk ulgamyna degişlidigi hemmelere mälimdir. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden bellenilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda «Saglygym — baýlygym» atly maslahat geçirildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen maslahatda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilýän maksatnamalaýyn işler, ýurdumyzyň ähli künjeginde gurlup ulanylmaga berilýän saglyk binalary barada buýsançly gürrüňler edildi. Paýtagtymyzda kemala gelen Halkara saglyk merkezlerinde halka edilýän döwrebap hyzmatlar, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilýän işler, nesil sagdynlygy baradaky öňde durýan wezipeler çykyş edenleriň esasy üns merkezinde boldy. Diýarymyzda yzygider gurlup ulanylmaga berilýän Saglyk öýlerinde ilatyň saglygyny goramaga ähli şertleriň döredilýändigi barada buýsançly bellediler.

Maslahata gatnaşanlar II saglygyny ýurduň baýlygy hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

gyny goramaga gönükdirilýän maksatnamalaýyn işler, ýurdumyzyň ähli künjeginde gurlup ulanylmaga berilýän saglyk binalary barada buýsançly gürrüňler edildi. Paýtagtymyzda kemala gelen Halkara saglyk merkezlerinde halka edilýän döwrebap hyzmatlar, enäniň we çaganyň saglygyny goramaga gönükdirilýän işler, nesil sagdynlygy baradaky öňde durýan wezipeler çykyş edenleriň esasy üns merkezinde boldy. Diýarymyzda yzygider gurlup ulanylmaga berilýän Saglyk öýlerinde ilatyň saglygyny goramaga ähli şertleriň döredilýändigi barada buýsançly bellediler.

Maslahata gatnaşanlar II saglygyny ýurduň baýlygy hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com