KÄBELERIMIZ WASP EDILDI

Golaýda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramagynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti pähiminden joşup çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda «Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň şertleri boýunça oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzyrm atly kitabynyň özlerinde galdyran täsirini hüwdiniň, läläniň, gazalyň, aýdymyň we goşgynyň üsti bilen wasp etdiler. Olar bu ajaýyp kitabyň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde ýol-ýörelge mekdebidigini, ruhy baýlykdygyny, her bir maşgala üçin maşgala gymmatlygydygyny, şamçyragdygyny buýsanç bilen beýan etdiler.

Şowhunly geçen bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap birleşmesiniň we etrap Zenanlar birleşiginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşanlar halkymyza ajaýyp eserleri sowgat edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, mertebesiniň belent bolmagyny arzuw etdiler.

Oraz DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

S.A.Nyýazow adyndaky etrap birleşmesiniň başlygy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com