MAŞGALA GYMMATLYGY

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» atly bäsleşiginiň şäherdir etrap tapgyrlary geçirildi. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň ajaýyp günlerinde hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden  «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda geçirilýän bu bäsleşik hemmelerde uly gyzyklanma döretdi.

BÄHERDEN. «Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» atly bäsleşiginiň etrap tapgyryna önümçiligiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlaryň birnäçesi gatnaşdy. Etrabyň Medeniýet öýünde geçirilen bu bäsleşik Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi tarapyndan guraldy.

Alyp baryjy giň zaly dolduryp oturan bagtyýar raýatlary bäsleşikde çykyş etjek zenanlar bilen tanyşdyrandan soňra, bäsdeş gelin-gyzlar sahna çykyp, degişli şertler boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Zenanlaryň şol şertlere laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan bir parçany labyzly okamagy, ady agzalan kitapdaky rowaýatlaryň, onda beýan edilýän wakalaryň birini sahnalaşdyryp ýerine ýetirmekleri, täze eseriň özlerinde galdyran täsirini hüwdiniň, goşgynyň, gazalyň, aýdymyň üsti bilen beýan etmegi hemmelerde uly täsirleri döretdi.

Zenanlar özleriniň çykyşlary bilen bu bäsleşige örän taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. Şeýlelikde, etrap bäsleşiginde kärdeşler arkalaşygynyň işeňňir agzasy Ogulsuraý Amangeldiýewa ýeňiji boldy hem-de onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Baýrakly orunlary eýelän zenanlar guramaçylar tarapyndan sylaglandy.

Garly Garlyýew,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Bäherden etrap birleşmesiniň başlygy.

Ahal durmuşy gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com