TÜRKMENIŇ MÄHREM KÄBESI AHLAK, MAŞGALA GYMMATLYGYDYR

KAKA. Golaýda şäheriň Medeniýet öýünde  «Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Ony Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi bilelikde gurady.

Bäsleşik üç şertden ybarat  bolup, onuň birinji şertinde bagtyýar zenanlar ata Watanymyzyň ösüşlerini joşgunly sözler bilen wasp edip, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan joşup çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan bir parçany labyzly okadylar. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda beýan edilen rowaýatlardan, wakalardan bir pursady sahnalaşdyryp, ýerine ýetirmek bolsa bäsleşigiň ikinji şerti boldy. Bäsleşige gatnaşyjy zenanlar bu şertde özleriniň taýýarlan sahnalaryndaky gahrymanlarynyň keşplerini ussatlarça janlandyrdylar.

Bäsleşigiň üçünji şertinde bäsleşige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň özlerinde galdyran täsirlerini hüwdiniň, läläniň, gazalyň, aýdymyň we goşgynyň üsti bilen wasp etdiler.

Bäsleşikde birinji orna etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Dursun Öwezdurdyýewa, ikinji orna etrabyň bilim bölüminiň hünärmeni Gülnar Sapardurdyýewa, üçünji orna bolsa etrabyň «Watan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Mähri Orazalyýewa mynasyp boldular. Ýeňijilere Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Ýarangeldi BABAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Kaka etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Ahal durmuşy gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com