ENÄ TAGZYM — MUKADDESLIGE TAGZYM

TEJEN. Şäherdäki Medeniýet öýünde geçirilen bäsleşige gatnaşmaga höwes edenleriň sany köp boldy. Edara kärhanalarda, guramalarda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar, ilki bilen, medeni ojagyň eýwanynda guralan köp öwüşginli sergi bilen tanyşdylar. Ýakymly duýgulara baý bolan bu sergi bilen tanyşlykdan soňra, bäsleşige badalga berildi.

Toý lybasyndaky sahnada bäsleşigiň şertleri boýunça çykyşlar ýaýbaňlandy. Bäsdeş gelin-gyzlar gezekli-gezegine sahna çykyp, hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden joşup çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tag­zym» atly kitabyny wagyz etmek, onuň terbiýeçilik ähmiýetini düşündirmek boýunça täsirli çykyşlary ýerine ýetirdiler. Olaryň her bir çykyşy zenanlaryň täze eserden joş we ylham alýandygyny aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň şäher birleşmesiniň hem-de Zenanlar birleşiginiň şäher bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşigiň dowamynda ýeňijiler kesgitlendi. Netijede, işjeň zenanlar Tawus Haldurdyýewa hem-de Ogultäç Nurberdiýewa baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňijiler guramaçylar tarapyndan sylaglandy.

Berdimuhammet PORSYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Tejen şäher birleşmesiniň başlygy.

Ahal durmuşy gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com