2021-nji ýyl,
«Türkmenistan – parahatçylygyň
we ynanyşmagyň Watany» ýyly
«Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň Tejen etrap tapgyry geçirildi. Etrap häkimliginiň mejlisler zalynda bolan bäsleşikde oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň jöwher zehini bilen ýazylan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan bir parçany labyzly okamak, kitapda beýan edilen rowaýatlardan, wakalardan bir pursady ussatlyk bilen sahnalaşdyrmak hem-de kitabyň özlerinde galdyran täsirleri barada hüwdiniň, läläniň, gazalyň, aýdymyň we goşgynyň üsti bilen wasp etmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guran bäsleşiginiň netijesinde işeňňir zenanlar G.Dosowa birinji, O.Atdaýewa ikinji, G.Oraznyýazowa üçünji ýeri eýelediler. Ýeňijiler Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.
Maral AŞYROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.
Ahal durmuşy gazeti.
© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2021 Email: tzb@online.tm