ENE MUKADDESLIGINIŇ BELENT SARPASY

BABADAÝHAN. Etrabyň Medeniýet öýünde «Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» atly bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirilip, ol guramaçylyk häsiýetine eýe boldy. Oňa etrabyň ähli ýerinden eşretli döwrümiziň hözirini görüp, bagtyýarlykda ýaşaýan zenanlar gatnaşdylar hem-de degişli şertler boýunça çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan joşup çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny giňden öwrenmek, onuň terbiýeçilik ähmiýetini ilata düşündirmek we wagyz etmek, kitabyň üsti bilen türkmeniň asylly milli ruhy gymmatlyklaryny ýaş nesillere ýetirmek, eziz eneleri sarpalamagyň belent nusgasyny, ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklary açyp görkezmek babatynda uly ähmiýete eýe bolan bu bäsleşigiň dowamynda aýratyn oňat çykyş eden gelin-gyzlar öňe saýlandy.

Eminler toparynyň çykaran netijelerine laýyklykda, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Arzygül Nepesowa birinji orny eýeläp, bäsleşigiň welaýat tapgyry­na gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň ýörite sowgatlary gowşuryldy.

Kerwen AÝDOGDYÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Babadaýhan etrap birleşmesiniň başlygy.

Ahal durmuşy gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com