ENE MÄHREMLIGINIŇ WASPY

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan joşup çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň giňden öwrenilmegi nesilleri watansöýüjilik ruhunda, belent ruhy-ahlak gymmatlyklar esasynda terbiýelemekde, köp asyrlyk däpleri aýawly  saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda çäksiz ähmiýete eýedir. Şeýle bolansoň, döwlet Baştutanymyzyň täze kitabyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen «Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» atly bäsleşik uly gyzyklanma eýe bolýar. Ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda geçirilýän bu bäsleşigiň şäherdir etrap tapgyrlary welaýatymyzda guramaçylyk häsiýetine eýe boldy hemde olaryň ýeňijileri welaýat derejesindäki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ýakynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde «Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» atly bäsleşigiň jemleýji welaýat tapgyry zenanlar üçin özboluşly baýramçylyga öwrüldi. Bäsleşige welaýatymyzyň dürli ýerinden gelen gelin-gyzlar we eneler dürli mazmunly sergileri synlamak mümkinçiligine eýe boldular. Zenanlaryň milli lybaslaryny we şaý-seplerini özünde jemleýän bölüm aýratyn ünsi çekiji boldy. Dürli görnüşdäki we biçüwdäki lybaslar özüniň döwrebap we kämilleşdirilen nusgalary bilen alamatlandy. Bu ýerde el hünärine degişli işlere hem orun berildi. Nepislik bilen ýerine  ýetirilen  halylar  we halyçalar   uly   gyzyklanma bilen synlanyldy. Muzeý gymmatlyklary, kitap we beýleki neşir önümleri hem köp görnüşliligi bilen sergä baý many goşdy.

Bäsleşige    gatnaşmaga gelenler sergini synlap, ondan ruhy lezzet aldylar. Şeýle ruhy göteriji tomaşadan soňra, bäsleşigiň welaýat tapgyryna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny giňden öwrenmek, onuň terbiýeçilik ähmiýetini ilata düşündirmek we wagyz etmek, kitabyň üsti bilen türkmeniň asylly, milli ruhy gymmatlyklaryny ýaş nesillere ýetirmek, eziz eneleri sarpalamagyň belent nusgasyny, ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklary açyp görkezmek, türkmen zenanlarynyň ençeme asyrlaryň dowamynda özüni alyp barmagyň ahlak kadalaryny kämilleşdirip, olary nesilden nesle geçirendiklerini beýan etmek, şeýle-de ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän döwlet Baştutanymyzyň töweregine mäkäm jebisleşip, mähriban  Watanymyza bolan çäksiz söýgini berkitmek maksady bilen geçirilýän bäsleşige gyzyklanma diýseň ýokary boldy. Oňa gatnaşyjy zenanlar şertleriň birnäçesi boýunça bäsleşdiler. Olar şol şertlere laýyklykda hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym - mukaddeslige tagzym” atly kitabyndan bir parçany labyzly  okadylar,  kitapdaky rowaýatlaryň, onda beýan edilýän wakalaryň birini sahnalaşdyryp ýerine ýetirdiler, täze eseriň özlerinde galdyran täsirini hüwdiniň, goşgynyň, gazalyň, aýdymyň üsti bilen beýan etdiler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda geçen bäsleşige gatnaşyjylaryň hormatly Prezidentimiziň    «Enä tagzym mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan ruhlanyp, oňa ykjam taýýarlykly gelendigini öz çykyşlarynyň üsti bilen subut etdiler. Olaryň  çykyşlarynda  ene  mukaddesligi,  maşgala   ojagy, Watan, türkmeniň milli edep-terbiýe ýörelgelerinde kemala gelen ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklarynyň çuňňur paýhasly esaslary aýdyň şöhlelendi. Şeýle bolansoň, bäsdeş zenanlaryň çykyşy gyzgyn garşylandy hem-de aýratyn  tapawutlananlar öňe saýlandy. Netijede, Ak bugdaý etrabyndan Maýa Şamyradowa, Babadaýhan etrabyndan Arzygül Nepesowa, Tejen şäherinden Tawus Haldurdyýewa dagy «Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda baýrakly orunlary eýelediler hem-de ýörite sowgatlara mynasyp boldular, şeýle-de ýeňijiler döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Aýdo ŞEKEROW,

Ahal durmuşy gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com