GENDER DEŇLIGINIŇ DÖWLET KEPILLIKLERI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda zenanlara uly sarpa goýulýar. Türkmenistan häzirki wagtda aýal-gyzlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere deň hukukly gatnaşmagyna gönükdirilen işjeň gender syýasatyny alyp barýar. Ýurdumyzda ýöredilýän bu gender syýasaty aýallaryň jemgyýetçilik  durmuşynyň ähli ugurlaryna deň hukukly gatnaşmagyny kepillendirýär.

Türkmenistanyň Konstitusiyasynyň 29-njy maddasynda: «Türkmenistan-

da erkekleriň we

aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr» diýip kesgitlenendir. Bu konstitusion kada aýallaryň jemgyýetdäki ornuny we onuň mertebesine goýulýan ýokary sarpany tassyklaýar. Häzirki döwürde aýallaryň deň hukuklylygyny üpjün etmek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ornuny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda durmuş taýdan goraglylygyň köp dürli görnüşleri aýallara maşgala aladalaryny we hünär borçlaryny sazlaşykly utgaşdyrmaga, eziz Diýarymyzyň önümçilik hem-de jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaga giň we doly mümkinçilik berýär. Gender deňligi durmuşyň ähli ugurlarynda aýallara, şeýle hem erkeklere deň mümkinçilikleriň berilmegidir.

Ýurdumyzda kabul edilýän kanunlaryň mazmunynda aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen kadalar öz beýanyny tapýar. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny aýallaryň hukuklaryny giňişleýin goramaga we üpjün etmäge gönükdirilen esasy hukuk namalaryň biridir. Bu Kanunyň 14-nji maddasynda; «Döwlet aýallara we erkeklere raýat hukuklarynyň amala aşyrylmagynda deňhukuklylygy, jemgyýetiň we döwletiň işleriniň dolandyrylmagyna, saýlaw işiniň barşyna deň gatnaşmaklaryny kepillendirýär» diýip bellenilýär. Mundan başga-da, ýurdumyz döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki çygyrlarynda gender deňligini üpjün edýär.

Döwletimizi ähli babatda ösdürmek boýunça kabul edilyän Milli maksatnamalarda gender deňliginiň meseleleri öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin

Milli hereketleriň meýilnamasy onuň aýdyň kepilidir. Bu meýilnama erkekleriň we

aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna deň derejede gatnaşmaklary üçin zerur şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn resminamadyr. Resminamada gender deňliginiň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreler beýan edilýär. Milli hereketleriň meýilnamasynyň esasy maksady döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli ýerine ýetiriji

we wekilçilikli edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň jyns alamaty boýunça hukuk kemsitmeleriniň ýüze çykmagyna ýol bermezlige gönükdirilen hereketleriniň utgaşdyrylmagy bilen, gender deňliginiň üpjün edilmegi we durmuşyň ähli ulgamlarynda aýallaryň we erkekleriň şahsy mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegini üpjün edýän şertleriň döredilmeginden ybaratdyr.

Ýurdumyzda hereket edýän milli kanunçylygyň kadalarynda aýallaryň syýasy, raýat, ykdysady, durmuş we medeni hukuklary babatda hukuk kemsidiji düzgünleriň ýokdugyny bellemek bolar. Milli hereketleriň meýilnamasy ileri tutulýan ugurlara we ýurdumyzyň bähbitlerine esaslanýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda kabul edilýän maksatnamalar ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir. Aýallaryň we erkekleriň deňliginiň ýörelgeleri umumadamzat hukuklarynyň üpjün edilişine, goraglylygyna esaslanýar. Şeýle hem jemgyýetiň demokratiýa tarap barýan ýolunda ähmiýetli görkeziji bolup çykyş edýär.

Türkmenistan adam hukuklarynyň umumy ykrar edilen kadalaryna gyşarnyksyz eýerip, adam hukuklary, şol sanda aýallaryň hukuklary hakynda halkara konwensiýalarynyň birnäçesine goşuldy. Olaryň hatarynda 1999-njy ýylda ýurdumyzyň «Aýallaryň syýasy hukuklary hakynda» Konwensiýa goşulandygy aýratyn bellärliklidir. Bu konwensiýa halkara resminamalarýnýň biri bolup, onda aýallaryň jemgyýetçilik-döwlet gullugynda deň şertlerde işlemäge hukugynyň bardygy bellenilýär. Häzirki wagtda bütin dünýäde adam hukuklaryny üpjün etmek hem-de gender deňliginiň meseleleri babatda döwletleriň halkara hyzmatdaşlygy barha ýaýbaňlanýar we uly ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan hukuk we demokratik döwlet hökmünde, aýallaryň hukuklary we azatlyklary baradaky umumadamzat gymmatlyklaryna eýerip, bu babatda öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň Gün tertibinde durnukly ösüş boýunça kesgitlenen ählumumy maksatlaryň hatarynda Gender deňliginiň orun tutmagy bu meseläniň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiziň bu mejlisde eden çykyşynda: «Gender deňligi ählumumy ösüş strategiýasynyň esasy bölegi bolup durýar. Biz bu ugurda öz öňümizde belent maksady goýduk. Bu maksat ähli aýal-gyzlaryň doly gender deňligini gazanmakdan we olaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr. Bu wezipäni ýerine ýetirmek biziň umumy borjumyz we bilelikdäki jogapkärçiligimiz bolup durýar» diýip bellemegi ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň umumy ykrar edilen halkara kadalaryna we ýörelgelerine laýyk getirilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) 2017-nji ýylyň 19-njy aprelinde geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji geňeşine hem-de 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanylmagy ýurdumyzyň alyp barýan netijeli işleriniň dünýä derejesinde goldanylýandygynyň aýdyň kepilidir. Häzirki wagtda ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetçilik ulgamýnyň dürli pudaklarynda zähmet çekýändikleri aýratyn bellärliklidir.

Ýurdumyzda aýallaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady ulgamlarda alnyp barylýan işlere erkek adamlar bilen bir hatarda deňhukukly gatnaşmagy işjeň gender syýasaty esasynda amala aşyrylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän bu çäreler aýal-gyzlaryň hukuklarynyň hormatlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Aýna TANGYÝEWA, hukukçy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com