Zenan, maşgala we Jemgyýet

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna, maşgala mukaddesligine uly sarpa goýup, bu asylly ýörelgeleri ýaş nesilleriň dowam etdirmegi babatda uly tagalla edýär. Halkymyzyň geçmişde döreden her bir däp-dessurynyň, edep-terbiýe mekdebiniň özeninde milli häsiýetler, maşgala durmuşyna mahsus bolan gymmatlyklar jemlenip, ýaş nesli terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, maşgalanyň we zenanlaryň jemgyýetdäki orny belentde tutulýar. Zenanlary hormatlamak, maşgalany goramak, jemgyýetiň sagdynlygyny gazanmak, akylly-başly, sagdyn bedenli perzentleri terbiýeläp ýetişdirmek möhüm mesele hökmünde öňe çykýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda, oba ýaşlarynyň arasynda, zenanlar hem maşgala mukaddesligi, ýaş nesliň edep-terbiýesi, nika bozulmagynyň öňüni almak, zenanlaryň arasynda düzgün-tertibi wagyz etmek, jemgyýetiň sagdynlygy hakynda «Zenan,

maşgala, jemgyýet» atly wagyz-nüdew maslahatlary geçirilýär.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramagynda Mary welaýatynyň Türkmengala, Mary, Wekilbazar, Baýramaly, Garagum,' Ýolöten, Murgap etraplarynda wagyz-nesihat maslahatlary geçirildi. Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelingyzlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen wagyz-ündew maslahatynda çykyş edenler ata-babalarymyzyň bize miras galdyran edep-terbiýe, zenanlary hormatlamak meselelerindäki mukaddes ýol-ýörelgelerini dowam etmek, halkymyzyň durmuşynyň abadanlygy barada gürrüň edildi.

Wagyz-nesihat maslahatyna gatnaşanlar nesilleriň bagtyýar ýaşamagy üçin döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Arkadag Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Oguldursun KAMAROWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com