Ene mukaddesligine tagzym

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda yglan eden «Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň bu tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde deslapky tapgyrda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Olar üç şert boýunça bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny, şeýlede türkmen zenanyna mahsus bolan milli häsiýetleri açyp görkezdiler. Ýokary ruhubelentlik ýagdaýyna beslenen bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň mährem enelerimize bagyşlap ýazan kitabyndan bir parçany labyzly okamak we ýatdan aýdyp bermek, kitapdaky rowaýatlardan, wakalardan bir pursady ýokary derejede sahnalaşdyrmak, şeýle-de kitabyň özüne çekiji täsiri baradaky köňül buýsançlaryny hüwdiniň, läläniň, gazalyň, aýdymyň we goşgynyň üsti bilen beýan etmek arkaly özara bäsleşdiler.

Ýerine ýetirilen çykyşlarda milli Liderimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly, halkymyzyň milli ruhy we ahlak gymmatlyklary, maşgala gatnaşyklary hakynda gürrüň edildi.

Bäsleşigiň eminler toparynyň gelen netijesine görä, 1-nji ýere Aşgabat şäherinden Ogultuwak Altyýewa hem-de Aýzada Gapbarowa, Ahal welaýatyndan Arzygül Nepesowa we Gülnabat Gülzarowa, 2-nji ýere Mary welaýatyndan Amangül Berdiýewa we Güljeren Durdyýewa, Daşoguz welaýatyndan Güljan Kakaýewa we Ogulboldy Öwezowa, 3-nji ýere Balkan welaýatyndan Nurgül Hajynazarowa we Sähra Ymamowa, Lebap welaýatyndan Aýjemal Karýagdyýewa we Jeren Atabaýewa mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Muhammet BEKGIÝEW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com