DÜNÝÄNIŇ GÖRKI – ENE

Gahryman Prezidentimiziň ýiti zehininiň, jöwher paýhasynyň miweleri bolan ajaýyp edebi-çeper we ylmy eserleri, dürli möhüm mowzuklar dogrusyndaky meşhur kitaplary baý many-mazmuna, ýokary çeperçilik ussatlygyna eýedir. Bu ajaýyp eserleriň ylmy-çeperçilik derejesiniň iňňän ýokarydygy okyjylaryň söýgüsini hasda artdyrýar. Ata Watanymyzyň mährem goýnunda döwletli-döwranly, toý-baýramly nurana günleriň hözirini görüp ýaşaýan, döredijilikli zähmeti bilen ýurdumyzyň kuwwatlanmagy ugrundaky beýik Maksatnamalarynyň üstünlikli amala  aşyrylmagyna mynasyp goşant goşýan ildeşlerimize ajaýyp Şa sowgadynyň – hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly türkmen, iňlis we rus dillerindäki ajaýyp kitabynyň gowuşmagy merdana halkymyzyň, ylaýta-da, gülden görkli zenanlarymyzyň we mährem enelerimiziň göwün guşuna ganat baglady.

Türkmen asly halal döwletli ojagynyň söýesi, rysgal-bereketli, abadan, parahat durmuşymyzyň örki hem görki bolan käbelerimize bagyşlanan bu ajaýyp eser ýüreklerimize ornady. Çünki mähriban enelerimiz Käbä deňelýär. Munuň hut şeýledigine parasatly pederlerimiziň: «Ene eli – em, dili – melhem», «Aglasa enem aglar, galany ýalan aglar»,  «Alty aga birigip, ata bolmaz, ýedi ýeňňe birigip – ene» ýaly pähimleri-de doly şaýatlyk edýär.

«Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabyň baş sahabynda Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nurana suratynyň ýerleşdirilmegi hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesine bolan söýgüsiniň, belent hormat-sarpasynyň, ogullyk mähriniň aýdyň beýany bolup lowurdaýar. Bu ajaýyp kitap, şubhesiz, hut şol beýik perzentlik söýgüsinden, ogullyk wepa-ygraryndan we çäksiz hormat-sylagdan gözbaş alyp, türkmeniň mährem eneleriniň tarypyny Arşa göterýär. Kitabyň ähli ynsanlaryň ýüreklerine ýakynlygy hem hut şunuň üçindir. Çünki mähriban käbelerimize bolan söýgi biziň ýüreklerimizde ebedi ýaşaýar. Arkadag Prezidentimiziň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitaby bolsa, şol ajaýyp duýgularymyzy täzeden galkyndyryp, mähriban enelerimiziň nurana keşbini göz öňümizde janlandyrýar, olar hakyndaky ýakymly ýatlamalara  imrindirýär. Bu bolsa kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini, gymmatyny has-da artdyrýar. Gahryman Prezidentimiziň bu kitabynyň edebi-çeperçilik we mazmun taýdan juda baýdygy, täsirli surat bezegi, şonuň ýaly-da, üç dile terjime edilmegi kitabyň okyjylarynyň sanyny has-da artdyrdy. Şunuň bilen birlikde kitabyň okuw-terbiýeçilik hem-de wagyz-ündew işiniň dürli ugurlarynda giňden peýdalanmak mümkinçiligi döredi.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda enelere goýulýan sylag-sarpa, olaryň maşgala ojagyny berkitmekde, ýaş nesliň terbiýesini kämilleşdirmekde görkezýän görüm-göreldesine goýulýan hormat eneleriň mertebesiniň näderejede belentdigini aýdyň alamatlandyrýar. Çünki gadymy döwürlerden bäri tutuş milletimiziň käbesine deňelýän mährem enelerimiziň mertebesi Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has-da belende göterilýär.

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde guramagynda welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitaby arkaly ýaşlarda zenanlarymyza, enelerimize hormat-sarpany terbiýelemeklige, olaryň jemgyýetimizdäki tutýan ornuny, ýurdumyzda zenan mertebesine, enelere goýulýan belent sarpany wagyz etmeklige gönükdirilen söhbetdeşlikleriň, duşuşyklaryň we maslahatlaryň giň tapgyry guraldy. Olara halk hojalygynyň pudaklarynda zähmet çekýän zenanlarymyz, sungat ussatlary, döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işewürleri hem-de ýaşlar işjeň gatnaşdylar. «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym»  atly kitabyň çuňňur many-mazmuny dogrusyndaky täsirli çykyşlar maslahatlaryň özenini düzdi. Olarda eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, mährem enelerimizi jany-teni bilen söýýän hormatly Prezidentimiziň adyna çäksiz hoşallyk sözleri aýdyldy.

 

Hemragül Hojiýewa,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň başlygy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com