HABARLAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2018-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Jemgyýetçilik guramalarynyň, Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň we Türkmenistanyň Içeri işleri ministrliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda “Halal maşgala – abadan döwlet” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarly döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň işini dürli ugurlarda öňdebaryjy özgertmeler amala aşyrlyp, olaryň hukuk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

Milli kanunçylygyň kämilleşmegi Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan dürli ulgamlaryny ösdürmegiň maksatnamalary we beýleki maksatnamalary bilen sepleşip, üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy bilen birlikde, parahorluk we korrupsiýa ýaly, örän ýaramaz täsirli meseleler ýüze çykyp başlamagy, jemgyýetçilik durmuşynyň bu hadysalary ykdysadyýetden başlap, ahlaga çenli, biziň durmuşymyzyň dürli ugurlaryna örän ýaramaz täsirini ýetirýär.

Parahorluk we korrupsiýa döwlet edaralaryny we jemgyýeti erbet netijelere getirip, netijede ykdysadyýetiň ösüşi bökdelýär. Döwletimiziň ösüş ýolunda düýpli päsgelçilikler döreýär.

Parahorluga we korrupsiýa garşy göreşmek maksady biziň döwlet gurluşymyzyň maksatnamasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Onda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň  KA-gy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy Begenç Baýramow, Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň wekili Eziz Dädebaýew, Aşgabat şäheriniň polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi Kakabaý Agabaýew, Aşgabat şäheriniň 104-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Aramgül Annageldiýewa, Telekeçi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy Orazgül Eýeberdiýewa çykyş etdiler.

Wagyz-nesihat çäresinde hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy netijesinde ýurdumuzyň halkara abraýynyň has-da ýokary derejelere alyp barmak ugrunda eden beýik işleri baradaky çykyşlar hem diňlenildi. Duşuşygynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar edilen gürrüňleri el çarpyşmalar bilen gyzgyn goldadylar we halkymyza eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mekan BABAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com