HABARLAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2018-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi“ ýyly şeýle hem Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim  ministrliginiň bilelikde guramagynda “Döwrebap bilim ulgamy - berkarar döwletiň binýady” atly dabaraly maslahaty geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan Diýarymyzyň ykdysadyýetinde, syýasatynda, ruhy sosial durmuşynda bu günki ýetilen sepgitler, göz öňünde tutulýan ägirt uly tutumlar hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ýaş nesillerimiziň bilim, ylym we hünär taýýarlygynyň dünýä derejesinde ýokary göterilmegi Watanymyzy halkara jemgyýetçiliginiň iň ösen, kuwwatly ýurtlarynyň hataryna goşdy. Bu babatda Hormatly Prezidentimiz ýaşlarymyza ýüzlenip: “Tehnologiýalaryň häzirki ösýän güýçli döwründe uly ilerlemeleriň, belent sepgitleriň bilimiň, ylmyň güýji bilen gazanylýandygyny hiç wagt ýatdan çykarmaň. Hut şonuň üçin hem okamak, öwrenmek, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmek üçünji müňýyllykda türkmen halkynyň adyny arşa galdyrmak siziň ýürekleriňize düwen päk arzuw hyýallaryňyz, asylly maksadyňyz bolmalydyr” diýip belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň raýatlarynyň ählitaraplaýyn goraglylygyny üpjün etmek we halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak maksady bilen gije-gündiz edýän tagallalary netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň we milletleriniň arasynda ýeten beýik sepgitleri bu gün biziň her birimiziň ýüreklerimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Her bir döwletde onuň durnukly ösüşini saklamak ýurduň mynasyp raýatlaryny terbiýeläp ýetişdirmek bilen berk baglydyr. Şol nukdaýnazardan ýurdumyzda ruhy we beden taýdan sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim almagy hem-de hünär taýdan taýýarlygy üçin ykdysady, durmuş, hukuk şertleriniň üpjün edilmegi ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Türkmenistan - Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda hormatly Prezidentimiz bilimi, ylymy ösdürmäge giň mümkinçilikleri açdy.

Onda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Ylym we bilim işgärleriniň  KA-gy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy Jennet Ballyýewa, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri Maral Matalowa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Marketing kafedrasynyň uly mugallymy, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Aşyrmyrat Ýagşygeldiýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Myratgeldi Çöliýew, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebit we gaz ojaklaryny özleşdirmek” kafedrasynyň mugallymy Mürzäýew Begenç, Aşgabat şäheriniň 160-njy çagalar bagynyň usulçy-terbiýeçisi, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ogulmaral Nepesowa,  Aşgabat şäherindäki 102-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Maral Allagurbanowa,  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Ylym we bilim işgärleriniň  kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Jumamyrat Gurbanow, we D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri fakultetiniň talyby, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň atly talyp hakynyň eýesi Aýna Sapargeldiýewa çykyş etdiler.

Türkmenistan döwletimiziň dünýä bileleşiginiň döwletleri bilen gatnaşyklarda, gumanitar ugurda hususanda bilim pudagynda hyzmatdaşlyk etmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hasap edilýär. Ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagyna zerur şertleri döretmek, olary ylyma-bilime höweslendirmek bilen bir hatarda, bu ugurda halkara tejribesini çuňňur özleşdirmek, ýurdumyzyň we dünýä ylmynyň soňky gazananlaryny hem-de täze öňdebaryjy tehnologiýalary ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw tejribesine girizmek bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleriň möhüm ugry bolmagynda galýar. Milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer daşary we içeri syýasatlaryny, bilim ulgamyndaky özgertmelerini ýaşlarymyzyň arasynda giňişleýin wagyz-nesihat etmek, düşündirmek bolsa kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň mukaddes borjy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleriniň many-mazmunyna eýerip sagdyn durmuş ýörelgelerini, watançylyk, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri halkymyzyň esasanam ýaşlaryň gursagyna guýmak biziň her birimiziň wezipämizdir.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy netijesinde ýurdumuzyň abraýynyň has-da ýokary derejelere alyp barmak ugrunda eden beýik işleri baradaky çykyşlar hem diňlenildi. Duşuşygynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar edilen gürrüňleri el çarpyşmalar bilen gyzgyn goldadylar we halkymyza eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mekan BABAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com