HABARLAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2018-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Içeri işleri ministrliginiň bilelikde gurnamaklarynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygy mynasybetli maslahat geçirildi. Onda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň  KA-gy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy Begenç Baýramow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji bölüminiň başlygy, Polisiýanyň podpolkownigi Annadurdy Jyrykow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bölümçe müdiri Gülnara Akjigitowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Ylym we bilim işgärleriniň  KA-gy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy Jennet Ballyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň medeniýet, sungat, metbugat we telewideniýe, radiogepleşikler, kinematografiýa bölüminiň müdiri Muhammedow Gurbanmyrat çykyş etdiler.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy netijesinde ýurdumuzyň halkara abraýynyň has-da ýokary derejelere alyp barmak ugrunda eden beýik işleri baradaky çykyşlar hem diňlenildi. Duşuşygynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar edilen gürrüňleri el çarpyşmalar bilen gyzgyn goldadylar we şeýle ajaýyp döwürde ýaşadyp, ata Watanymyzy uly ösüşlere besleýän, umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Mekan BABAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com