Ahalyň täsin tapyndylary keramatly topragyň geçmiş taryhy barada

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly taryhy ýyl mynasybetli ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti we Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen birlikde gurnan Ahalyň gadymy ýadygärliklerine, keramatly ýerlerine gezelenjiniň ýakymly täsirlerini häli-häzirlerem ýatlaýarys. Ol gün dürli kärdäki zenanlaryň kyrka golaýyny goýnuna alan awtobus paýtagtyň giň we ýagty şaýollaryny geçip, Bagyr obasyna tarap ugur aldy. Sähel salymdan hem gür baglygyň deňinde saklandy. Awtobusdan düşüp, Köpetdagy etekläp oturan gadymy Nusaýa tarap ýöräp ugradyk. Gadymy galanyň örän amatly edilip ýasalan basgançaklaryndan göýä biri elimizden çekip barýan ýaly, ýeňillik bilen ýokarylygyna galyp barýarys. Ynha-da, üstünden asyrlar geçen gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaý galasy aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giň meýdana ýaýylyp ýatyr. Biziň duran beýikligimizde bir döwür gülläp ösen şäher bolupdyr. Bu barada mähriban Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Nusaýyň gülläp ösüşi hem-de rowaçlanmagy irki gadymy dünýäniň, antik döwrüniň iň bir kuwwatly döwletleriniň biri bolan Parfiýanyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Parfiýa döwleti parlar, dahlar, massagetler, türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýleki kowumlarynyň konfederasiýasy tarapyndan döredilendir». Hormatly
Prezidentimiziň paýtagt şäherimizde geçirilen iri sport baýramçylygynyň — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň badalgasy bolan atly ýörişe hut şu galada ak pata bermegi hem ýöne ýerden däl. Çünki bu ýerdäki namazga metjidinde Muhammet pygamberiň giýewsi Alynyň aty meşhur Düldüliň aýak yzlary galypdyr. Nusaý atlarynyň ösdürilip ýetişdirilen keramatly topragynda Gahryman Arkadagymyzyň ak patasyny alan atly ýöriş ýurdumyzyň welaýatlaryny geçip, Aziadanyň alawy bilen paýtagt şähere aman-esen dolanyp geldi. Olar «Nusaý atlarynyň» taryha siňşi ýaly, geçmişden şu güne bat beren toýnaklarynyň yzy, owadan keşpleri bilen hakydalarda müdimilik galar.

Öňden barýan ýolbelediň gürrüňlerini üns berip diňleýänem bolsak, gözümiz töwerekde. Çig kerpiçden örülen, beýikligi on metrden geçýän, galyňlygy üç metr bolan diwarlar ünsümizi çekýär. «Bulary örmek üçin, gör, näçe el güýji gerek bolandyr?» diýen sowal serimizden geçýär. Gadym geçmişde şalaryň rezidensiýasy bolan bu binagärlik toplumy köp sanly köşk we ybadathana jaýlaryndan, eýwanlardan hem-de içerki howlujyklardan ybarat. Alymlarymyz Köne we Täze Nusaý şäherjiklerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde bu ýerden şirmaýydan ýonulyp ýasalan ritonlaryň uly toparyny ýüze çykardylar. Olaryň sap altyndan, bürünçden we altyn çaýylan bürünçden ýasalan görnüşleri bar. Ritonlaryň käbiriniň aýallaryň keşbi bilen bezelmegi, gadym geçmişde zenanlarymyza goýlan hormat-sarpanyň beýany. Aslynda, Nusaý sözüniň gelip çykyşynyň zenan ady bilen baglydygy barada hormatly Prezidentimiz taryhy çeşmelere salgylanyp, şeýle gürrüň berýär: «Araplar Orta Aziýa gelenlerinde, Nusaý şäherine hüjüm etmäge taýýarlanýarlar. Ýöne olar bu şäheri diňe zenan maşgalalaryň goraýandygyny eşidip, bu pikirinden el çekipdirler. Bu ýerli zenan maşgalalaryň batyrlygyna haýran galypdyrlar, bu ýere hem «Nisa» diýipdirler, arapçada bu söz «zenan» diýmegi aňladýar. Hut şu pikir çeşmelerde gabat gelýär». Gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde Köne Nusaýdan tapylan ýaş aýalyň heýkeli hem bu aýdylanlary doly tassyklaýar. Heýkelde Parfiýa şasynyň gyzy Rodogunanyň keşbi şekillendirilip, söweşjeň, batyrgaý gyzyň gozgalaňçylary ýeňendigi barada rowaýatda gürrüň berilýär.

Ahal welaýatynyň çäginde taryhy ýadygärlikleri bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Nusaýdan başga-da Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen köp sanly gadymy galalar, kerwensaraýlar, ýadygärlikler, keramatly ýerler kän. Paryzdepe, Şähryslam, Pulhatyn köprüsi, Sarahs babanyň kümmeti, Mäne babanyň aramgähi, Seýit Jemaletdiniň metjidi... sanasaň sanabermeli. Mähriban Arkadagymyzyň «Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018—2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda bu taryhy-medeni ýadygärlikleriň hem aglabasynda gazuw-agtaryş, dikeldiş we rejeleýiş işleri alnyp baryldy we häzirki wagtda hem işjeň dowam etdirilýär. Olar dogrusyndaky gadymy golýazmalar we halk döredijilik eserleri ýygnalýar. Şolaryň biri-de, Täze Nusaýdan on kilometr uzaklykda ýerleşýän Paryzdepe ýadygärligidir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2016-njy, ýagny Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Paryzdepäni ylmy taýdan öwrenmek boýunça köp işler durmuşa geçirildi. Şol işleriň netijesinde üsti açylan ýaşaýyş jaýlarynyň suduryny görmek bolýar. Şeýle-de bu ýerdäki täze tapyndylaryň arasynda owadan nagyşlar bilen bezelen keramikadan köp sanly küýze bölekleri, guşuň şekilleri çekilen keramika bölegi we balygyň suraty çekilen gap hem ýüze çykaryldy. Bu täsin tapyndylar Köpetdagy etekläp oturan gadymy şäherde ekerançylygyň hem maldarçylygyň ösendigini, ekinlerden bol hasyl alnandygyny subut edýär.

Paryzdepäniň ýene-de bir aýratynlygy, bu ýerden suw geçiriji turbalaryň çekilmegidir. Milli Liderimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu barada şeýle ýazýar: «Gadymy döwürlerde ösen ekerançylygyň, kämil suwaryş ulgamynyň bolandygyna şaýatlyk edýän sudurlary özünde saklaýan Paryzdepe ösen ekerançylyk medeniýetinden habar berýär. Taryhy maglumatlara görä, ilkinji kärizleriň biri hut şu ýerde gurlupdyr. Bu ýerde käriz gazmagyň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen ele alan meşhur ussalaryň birnäçe nesilleri ýaşapdyr. Paryzdepäniň çäklerinden tapylan küýze bölekleri, keramiki turbalar, guýular gazylanda ulanylan gurallar bu ýerde suwaryşyň çylşyrymly ulgamynyň bolandygyna şaýatlyk edýär».

Mähriban Arkadagymyz
2016-njy ýylyň mart aýynda Paryzdepä baranda, ol ýerde agaç nahallaryny oturtmak dabarasy hem bolup geçdi. Ol taryhy güne gatnaşmak bize-de miýesser etdi. Aradan iki ýyl geçensoň, ýagny şu ýylyň mart aýynda Paryzdepä baranymyzda, biz şol wagtky oturdylan, häzirki gün gök öwsüp oturan agaçlaryň arasy bilen ýöredik. «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýleni gaty çyn. Ynha, birmahalky bol suwly ekinzarlykda ýene-de baglar gül açyp, bugdaýlar, gowaçalar bol hasyl getirýär. Bu gadymy topragyň gül-gülzarlyga bürenip oturmagynyň düýp özeniniň geçmişden gözbaş alandygy baradaky hakykat biziň milli mirasymyza, gadymy gymmatlyklarymyza, pederlerimiziň geçen şöhratly ýollaryna bolan hormat-sarpamyzy, buýsanjymyzy hem-de begenjimizi has-da artdyrýar.

Ahal topragyndaky taryhy ýerleriň ýene-de biri, Şähryslam galasydyr. Bu galanyň binagärlik aýratynlygy has-da ünsüňi çekýär. Onuň çig we bişen kerpiçden örülen otaglarynyň arasynda hem-de binýadynda agaç pürsler keseligine goýlupdyr. Munuň özi ýer yranmasynda diwarlaryň ýykylmazlygy hem-de olary zeýiň zaýalamazlygy üçin edilipdir. Şeýle-de otaglardaky gips suwaglar, ýyladyş ulgamlary, ýuwunmak üçin ternawlar, keramiki turbalary biri-birine sepleşdirmek arkaly poluň aşagyndan çekilen lagym ulgamlary, hapa suwlary akdyrmak üçin tazarlar şäheriň binagärliginiň ýokary derejede bolandygyny aňladýar.

Geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde bu gadymy galadan metaldan, aýnadan, keramikadan, süňkden, daşdan ýasalan bezeg önümleriniň, ýaraglaryň, durmuşda ulanylýan dürli esbaplaryň we gap-gaçlaryň köp sanlysy ýüze çykaryldy. Ol ýerden tapylan goňur reňkli keleplenen ýüplügiň uly bölegi bolsa, has gymmatly tapyndy bolup, bu ýerde dokmaçylygyň hem ösendigine şaýatlyk edýär.

Alymlarymyzyň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde gadymy topragyň geçmiş taryhyndan gürrüň berýän gymmatly tapyndylaryň sany barha artýar. Gadymy geçmişde dürli döwürlerde we asyrlarda ýaşap geçen pederlerimiziň ýaşaýyş-durmuşyny bezän ol gadymy gymmatlyklar bu gün taryhy muzeýlerimizde orun alyp, geljekki nesillere ýetiriler.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com