Ojaklaryň söýesi

Gadym wagtlar bir danadan: «Tükeniksiz zat näme?» diýip soranlarynda, ol säginmän: «Enäniň waspy» diýip, jogap beripdir. Bu hakykat. Seni dünýä getiren mähriban adamy wasp edip aňyrsyna ýeter ýaly däl. «Ene» diýlen üç harpdan döreýän bu söz dillerimiziň senasy. «Ene — çagalaryň ýüreklerindäki we dillerindäki Hudaýyň adydyr» diýip, ata-babalarymyz aýdardylar. Dil biteninden tä ömrümiziň soňky sagatlaryna çenli kiçi bol, uly bol, tapawudy ýok, diňe şol sözi gaýtalaýarys. Begensegem, gynansagam zybanymyza, ilki bilen, käbämiziň ady gelýär. Dünýäniň görki, örki, durky, gudraty, durmuşyň eýesi, söýesi — bu ajaýyplyklaryň barysy enä deňelýär. Sebäbi enäniň mähirli sözi, nurana keşbi, hemişe ýüreginiň töründen çykýan ak patasy kuwwatly daragt ýaly, berdaşly şahalaryny uzaklara ýaýradyp, ynsany röwşen ýollara rowana edýär. Ynsan üçin enäniň: «Aman gidip, sag gel, balam!», «Sag-aman geldiňmi, balam!» diýip, günde eziz balasyna ýüzlenmesi, perzendiň bolsa: «Sag-aman ördüňmi, ene?» «Hal-ahwallar niçik, ene?» diýip, enä ýüzlenmesi dünýäde iň bir bagtly pursatlaryň biri bolsa gerek. Haýsy ýaşa ýetenem bolsaň, mähriban eneň emaý bilen başyňdan sypasa, senem başyňy onuň dyzyna goýup, birsalym sözsüz meýmireseň, dünýäniň bar aladasyny unudyp, özüňi jennetde ýaly duýýarsyň. Ýogsa-da, ýöne ýere «Jennet enäniň dabanynyň astynda» diýilmeýändir ahbetin. Mähribanlygy, adalatlylygy, sahylygy, perzendine wepalylygy, akgöwünliligi üçin ene perişdä deňelýär. Hormatly Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda bu barada şeýle rowaýat bar: «Dünýä injek çaga Ýaradana sowal berýär:

— Meniň takdyrym indi ýerde bolmaly diýýärler, Taňrym! Meniň çala mydarym bar, ejiz halyma o taýda kösenmerinmi? Men başymy nädip çararyn?

— Sen ýerde perişdäniň gujagynda bolarsyň, ol sen hakda alada eder.

Çaga şondan soň hem ynjalman:

— Arşda men hiňlenýän, hemem gülýän, şondan hem göwnüm hoş bolýar  — diýip, ol ýene ikirjiňlenipdir.

Taňry oňa:

— Seniň üçin ýaradan perişdäm örän şirin owaz bilen hiňlener, saňa guwanyp, mähirli ýylgyrar. Sen onuň söýgüsinden bagtly bolarsyň — diýip, jogap berenmiş.

— Wah, men onuň diline nädip düşüneýin? — diýip, indi dünýä inmeli çaga rahatlyk tapmandyr. — Taňrym, birden saňa dilegim bolsa, näme etmeli bolaryn?

— Seni goraýan perişde seni akja mytgala gundar-da, saňa öz erkli bolmaklygy öwreder. Şonda hem elleriňi gowşuranyňda, men seniň ähli dilegiňi berjaý ederin.

— Meni howp-hatardan kim gorar?! Men epgekden, aňzakdan hem goranyp bilemok — diýip, ýene sowal berýär welin, Ýaradan oňa:

— Seniň perişdäň seni öz janyndan geçip gorar.

— Meniň ýüregim gyssa, nähili bolar?

— Saňa perişdäň dünýäniň ýaradylyşy, adamlar hakynda gyzykly rowaýatlary gürrüň berer».

Hawa, ene ýerdäki perişde. Ol täsin adam. Ene hemişe perzendiniň ýagşy günlerine şaýat bolasy gelýär. Olar hemişe arzuw-dileg bilen ýaşaýarlar. Eýsem, eneler näme dileg edýärkäler? Dünýäniň, öý-ojagynyň parahatlygy, agzybirligi, çagalarynyň ile-güne, Watana wepaly, ar-namysly, mährem bolup ýetişmekleri — eneleriň bimöçber dilegi. Ene bilen sözsüz gürleşip, düşünişip bolýar. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň käbesine, ähli zenanlara bagyşlap ýazan kitabyndan bir parçany ýatlasym gelýär: «Edebiýat sapagyndan düzme ýazmaly bolanymyzda, muny biz, ilki bilen, ejem janyň okamagyny isleýärdik. Onuň sesini çykarman, dymyp okamagy bolsa, biziň «bäşligimizdi». Häzir ene hakdaky şol düzmäniň mazmunyndan ýadyma düşýäni: «Ejem jan asman ýyldyzy, ýyldyzsyz gijeler bolmaýar. Ejem jan baharyň mylaýymlygy, ony döredýän bolsa, asmanyň güneşi. Güneşsiz gündiz bolmaýar, güller hem açylmaýar. Ejem jan! Sen meniň üçin ähli zat, muny beýan etmäge men başga söz tapyp bilmeýärin». Şonda men mugallymyň nähili bahasyna mynasyp bolandygyma üns hem bermändirin. Ýöne esasy zat, ejem jan maňa hiç zat diýmedigem bolsa, ony şonda begendirendirin diýip, umyt edýärin».

Ulus iliň enesi barada söhbet açýan bu kitap mähriban
Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň ruhubelent, sagdyn nesli kemala getirmekde, olary terbiýelemek, türkmeniň milli däp-dessurlaryny nesilme-nesil dowam etdirmekde, çaganyň ene-ata, dogana, goňşulara, ýakynlaryna, dost-ýarlaryna bolan gatnaşygy, edep-ekramlylyk, ene topraga, Watana, ile-güne bolan söýgini, ula hormat, kiçä sylag ýörelgesini, ahlak kadalaryny terbiýelemekde alyp barýan durmuş tejribesi giňden beýan edilýär. Bu bolsa ähli döwürlerdäki nesillerimiz üçin görelde mekdebi bolup durýar. Bu ýörelgeleri her bir ynsanyň kalbyna ýetirmek wajyp wezipe hasaplanýar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň guramagynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eşretli zamanada ýaşaýan Zenanlar guramasynyň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň arasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden, paýhasyndan halkymyza peşgeş berlen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby esasynda «Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» ady bilen geçirilen bäsleşigiň döwletimiz boýunça jemleýji tapgyryna welaýat tapgyrynda baýrakly orunlary eýelän ýeňijiler gatnaşdylar.

Türkmeniň haly-palasy bilen bezelen bäsleşigiň geçjek meýdanynda mähriban Arkadagymyzyň döreden ajaýyp eserlerine ussat suratkeşleriň çeken suratlarynyň, gelin-gyzlaryň çeper ellerinden dörän el işleriniň, zergärçilik işleriniň, milli lybaslarynyň, «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylyny mahabatlandyrýan türkmeniň gadymy ak öýleriniň, uzak ýola barýan kerwenleriň, kerwensaraýlaryň, galalaryň, kejebäniň, küýzeleriň, düýäniň şekilleriniň sergisi guralypdyr. Türkmenistanyň dokma senagatynyň öndürýän döwrebap, dünýä ülňülerine gabat gelýän, özüniň milliligi bilen tapawutlanýan önümleri hem ünsüňi çekýär. Milli medeniýetimize we sungatymyza, gözel tebigatymyza, milli mirasymyza goýulýan sarpa kalplary buýsandyrýar.

Bäsleşigiň esasy maksady milli Liderimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitapda beýan edilýän wakalary giňden öwrenmekden, olary wagyz etmekden, türkmen zenanlarynyň asyrlaryň dowamynda özüni alyp barmagyň ahlak kadalaryny kämilleşdirmekden, olary nesilden-nesle mynasyp geçirmekden, eziz enelerimizi sarpalamakdan, Watana bolan söýgini berkitmekden ybarat.  Basleşige gatnaşanlar «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitapdan döwletimizdäki ösüşleri wasp edip, bir parçany labyzly okadylar, kitapda beýan edilen rowaýatlardan, wakalardan bir pursady ýokary ussatlyk bilen sahnalaşdyrdylar, şu ylham çeşmesiniň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde ýol-ýörelge, ruhy baýlyk, her bir maşgala üçin bolsa, maşgala gymmatlygydygyny, şamçyragdygyny buýsanç bilen, çeper beýan etdiler. Bäsleşikde çykyş edenleriň ählisiniň çykyşlary biri-biriniňkiden täsirli boldy. Şeýle-de bolsa, emin azgalary bäsleşigiň şerti boýunça ussatlary kesgitledi. Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Ulus ile ene, ojaklaryna söýe, maşgala gymmatlygy bolup oturan käbelerimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com