ŞANLY SENÄ BAGYŞLANDY

Şu günler ata Watanymyzyň ähli künjeginde şanly Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk toýy mynasybetli dürli medeni çäreler, bäsleşikler giň gerimde geçirilýär. Türkmenabat şäheriniň görküne görk goşup oturan „Lebap“ söwda we dynç alyş merkeziniň toý-dabaralar merkezinde Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de Türkmenabadyň  Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara hem diýseň gyzykly geçdi. Oňa şäherimiziň agrosenagat ulgamynda zähmet çekýän ildeşlerimiz, bilim işgärleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ruhubelentlige, şatlyk-şagalaňa beslenen dabaranyň dowamynda Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň „Jeýhun“ aýdym-saz toparynyň talyplarynyň ata Watanymyzy, hemişelik Garaşsyzlygymyzy bagtyýar ýaşlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýygnananlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. „Bagtyýarlyk nagmalary“ folklor toparynyň ýaşlary bolsa milli medeniýetimiziň, däp-dessurlarymyzyň, bereketli topragymyzda önýän baýlyklarymyzyň waspyny sazly kompozisiýalaryň üsti bilen wasp etdiler.

Dabaranyň dowamynda söz sözlän ildeşlerimiz ýurdumyzda halal zähmet çekmek, döwrebap bilim almak, bolelin ýaşamak ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna köp sagbolsun aýtdylar. Şirinden-şirin aýdym saza, ýakymly pursatlara beslenen bu baýramçylyk dabarasy ildeşlerimizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

 

Jennet Raimbaýewa

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com