ENE göreldesi – gyza ýorelge

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde guramaklarynda «Göreldesi enäniň — el hünäri zenanyň» ady bilen zenanlaryň arasynda ýurt derejesinde geçirilýän bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry ýokary guramaçylykda, şowhunly geçdi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdançany bäsleşige gatnaşýanlar alyp gelen haly-palaslary, keçeleri, nepis el işleri bilen bezäpdirler. Milli şaý-seplerimizi, zenanlarymyzyň milli toý lybaslaryny, dokma önümlerini mahabatlandyrýan sergiler bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Zenanlaryň kimsi ýüň saýyp, keçe güllese, kimsi haly dokap, ýene biri tara işledip, düýe ýüň saçagyny, agyr gyňaç dokasa, gelin-gyzlaryň käbiri gaýma gaýap, keşde çekmek bilen meşgullandylar. Ölaryň ýerine ýetiren aýdymlary dürli döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary bilen utgaşyp, adamlaryň ruhuny göterdi.

Bäsleşigiň welaýat tapgyryna onuň deslapky etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Olar, esasan, üç şert boýunça bäsleşip, özleriniň ukypbaşarnyklaryny görkezdiler. «Gadymy nagyşlaryň syrlary» atly birinji şertde zenanlar hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden joşup çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda beýan edilişi ýaly, nagyşlara siňen syrly şekilleriň aýratynlyklarynyň aňladýan manysy barada gürrüň berdiler. «Hünärim bar — hormatym bar» atly ikinji şertde çykyş eden bäsdeş zenanlar keşde çekmek, basma basmak, gaýma gaýamak, pugtama pugtamak, jähek çalmak, aldymgaç çalmak, alaja örmek, alaja işmek, seçek seçeklemek, depjemek, ýabşyrmak, ýörmemek ýaly işleri ýerine ýetirdiler.

«Kesbi-kärim — nesillere görelde» atly üçünji şertde bäsleşige gatnaşan zenanlar nagyşlar bilen baglanyşykly yrymlary, däp-dessurlary hem-de nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, aýdyşyklary, gazallary aýtdylar, ýürek buýsançlaryny şygyr bentleriniň, çeper sahnalaryň, aýdymsazlaryň üsti bilen beýan etdiler. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, bäsleşige gatnaşan Mary şäherinden Oguljan Haýtmyradowa, Türkmengala etrabyndan Şirin Jumaýewa, Baýramaly etrabyndan Maral Seýidowa, degişlilikde, 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp boldular.

 

Welmuhammet GALANDAROW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com