IŞJEŇ ÝAGDAÝDA GEÇEN MASLAHAT

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň merdana we agzybir halkynyň saglygyny gorap saklamak, keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreş» atly yglan eden biraýlygynyň çäklerinde geçirilýän çäreler-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Welaýat saglygy goraýyş müdirligiň welaýat onkologiýa hassahanasy bilen bilelikde geçiren maslahaty hem işjeň ýagdaýa eýe boldy. Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgüniň uly mejlisler zalynda geçen maslahata Aşgabat şäherindäki Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň lukmanlary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ägirt uly işleri, hususan-da, durmuş ulgamyndaky özgertmeler ýurduň her bir raýatyna mynasyp durmuş şertlerinde ýaşamak mümkinçiliklerini ösdürmek we saglygyny goramak üçin deň hukuk- laryň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu gün Garaşsyz Diýarymyzyň saglyk ulgamynda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport meýdançalary guruldy. Welaýatymyzda hem saglygy goraýyş-anyklaýyş, «Ene mähri» we «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezleri ulanylmaga berildi. Şonuň bilen birlikde, welaýat onkologiýa hassahanasynda düýpli abatlaýyş işleri geçirilip, bejeriş bölümleri dünýäniň lukmançylyk ylmynyň iň gowy enjamlary bilen üpjün edildi.

 

Biraýlygyň çäklerinde geçirilen çärede çykyş edenler ýokanç däl keselleriň, şol sanda onkologiýa keselleriniň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň ilata berilýän onkologiýa kömegini hil we möçber taýdan täze derejä götermäge mümkinçilik berýändigini bellediler hem-de bu ugurda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan oňyn işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bu möhüm işde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň wajyp gollanma bolup durýandygyny nygtadylar. Şonuň ýaly-da, maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan, süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň öňüni almakda bitirilýän işler barada gürrüň berýän wideofilmler görkezildi we maslahata gatnaşanlaryň sowallaryna anyk jogaplar berildi.

Özara düşünişmek we işjeňlik ýagdaýynda geçen maslahata gatnaşyjylar halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW.

Balkan» gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com