IL SAGLYGY-ÝURT BAÝLYGY

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň «Inçekesele garşy göreş çärelerine jemgyýetçilik guramalaryny we raýat toparlaryny çekmek» boýunça bilelikdäki iş meýilnamasyna laýyklykda, Esenguly etrap hassahanasynda guralan çäre täsirliligi bilen tapawutlandy. Etrap hassahanasynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap geňeşiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň etrap şahamçasynyň bilelikde guran çäresine etrabyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede zenan maşgalalarda inçekeseli wagtynda ýüze çykarmak we onuň öňüni almak, ene süýdüniň inçekesele garşy ähmiýeti, göwreli aýallarda inçekeseliň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eserinde görkezilýän ot-çöplerden peýdalanmagyň inçekeseliň öňüni almakdaky ähmiýeti, milli Liderimiziň halkymyzyň saglygyny gorap saklamak babatda edýän atalyk aladalary dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Halkymyzyň baş saglygyny goramakda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözler aýdyldy.

Çäräniň dowamynda özara sorag-jogap alyşmalaryň bolmagy inçekesele garşy göreşmek we onuň öňüni almak boýunça köp zatlary bilmeklige ýardam etdi.

 Arazgeldi GURBANÝAZOW.

Balkan» gazeti 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com