DÜNÝÄ MÄHIR BILEN NURLANÝAR

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Enelere mahsus ähli zatda tükeniksiz mähir Eneler öz mähri bilen öý-ojagyň abadanlygyny, il-ulsuň abatlygyny üpjün edýärler. Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir.

 

Ene hakda edilýän gürrüňiň üstünden barsaň ýa-da ene hakda söhbet açýan kitap eliňe düşse, bar işiňi bir gyra süýşürip, bu mähir paýlaýan süýji pursatlara kalbyňy açarsyň. Ol ýakymly söhbetler edil ýaz gününiň hoştaplygy ýaly, güýzüň goýazylygy kimin jana melhemdir. Söhbetler seni birde ene hüwdüsi bilen ýüzbeýüz etse, birde ene söýgüsiniň goýnuna atarar, birde-de seni il-asmanda ganat ýaýdyrar. Bularyň ählisi ene gudratydyr, ene mähremligidir, enäniň geçirimliligidir... Şonuň üçinem eneler dünýäni mähir bilen nurlandyrýandyr, ýürekleri söýgi bilen sypalaýandyr, göwünleri asman ýaly giňeldýändir.

Hormatly Prezidentimiziň ene mukaddesligi barada söhbet açýan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly dürdäne eseriniň giň okyjylar köpçüligine gowuşmagy ýüreklere mähir bolup siňdi. Bu ajaýyp eser ähli ýaşdaky ynsanlaryň enä bolan söýgüsini ýene bir gez arşa göterdi. Kitabyň slimize gowşan gününden bäri bu gymmatly eser mynasybetli dowam edýän dabaralar gün-günden artýar. Dabaraly maslahatlarda we tegelek stoluň başynda guralýan söhbetdeşliklerde hormatly Prezidentimiziň: «Hawa, il-ulus enä bimöçber uly hormat goýýan bolsa, şol ilde adamkärçiligiň iň asylly ýörelgeleri hem ýaşaýandyr. Eneler müdimi gudrat. Olaryň elmydama ýanymyzda bolmagy hem biziň arzuwymyz» diýen jümleleri hyýalyňda janlanýar.

Ýurdumyzyň çar künjünde ýerleşýän çagalar baglaryndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerinde, ähli edara-kärhanalarda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige agzym» atly eseri bilen baglanyşykly dürli çäreler, şatlyk-şowhunly dabaralar guralýar. Dabaraly çärelerde ene mukaddesligine goýulýan hormat-sarpanyň näderejede belentdigi giň beýanyny tapýar.

 

***

 

Hawa, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen «Göreldesi enäniň — el hünäri zenanyň» diýen at bilen yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry hem Diýarymyzyň ähli künjeginde zähmet çekýän eli hünärli, il içinde sylag-sarpaly gelin-gyzlaryň, şeýle-de kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň başyny jemledi. Hormatly Prezidenti- miziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan gelin-gyzlar üç şert boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň birinji tapgyry «Gadymy nagyşlaryň syrlary» diýlip atlandyryldy. Onda gelin-gyzlar hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde beýan edilýän Ogulabat ejäniň görüm-göreldesine eýerip, öz welaýatlarynyň lybaslarynyň, olary bezeýän nagyşlaryň aýratynlyklaryny hem many-mazmunyny açyp görkezdiler. Bäsleşigiň «Hünärim bar — hormatym bar» diýip atlandyrylan ikinji tapgyrynda bäsleşige gatnaşýan gelin-gyzlar bije çekmek arkaly el hünäriniň (keşde çekmek, basma basmak, pugtama pugtamak, jähek çalmak, aldymgaç kakmak, alaja işmek, alaja örmek, gyňaç seçeklemek, depjemek, ýabşyrmak, gowşurmak, ýörmemek) bir görnüşini ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň üçünji tapgyry «Kesbi-kärim nesillere görelde» diýlip atlandyryldy. Bu şert boýunça gelin-gyzlar nagyşlar bilen baglanyşykly däp-dessurlary we nagyşlaryň taryhyny gürrüň berdiler.

 

Bäsleşigiň dowam edýän pursatlarynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni Bahar SERDAROWA:

— «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly şanly wakalar bilen tapawutlanýar. Ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan her bir maksatnamalaýyn işler il-ulsumyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ekologiýa abadançylygy, tebigatymyzyň gözelligi, tebigy baýlyklarymyzyň goraglylygy  babatda öňe sürýän başlangyçlary biziň yhlasly işlemegimize oňyn täsir edýär — diýip, bize gürrüň berdi.

Baharyň gürrüň berşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserlerini halkymyza wagyz etmek, milli gymmatlyklarymyzyň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezmek, enelerimiziň el hünäriniň kämilleşmegine ýol açmak ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barýan işlerinde esasy orny eýeleýär. Şeýle buýsançly günlerde hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseriniň elimize gowuşmagy her birimiz üçin şatlykly waka boldy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde bu ajaýyp eseriň many-mazmunyny halkymyza ýaýmakda, onuň gymmatyny ýaşlara açyp görkezmekde birnäçe işleri alyp barýar. «Göreldesi enäniň — el hünäri zenanyň» diýen at bilen geçirilýän bäsleşigiň ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň arasynda uly ruhubelentlik döredendigini aýdasym gelýär. Mähriban Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň terbiýe mekdebine sylag-sarpa juda belentde tutulýar. Bu bäsleşigiň dowamynda-da aýdyň ýüze çykdy. Geljekde ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan bäsleşikler ýene-de yglan ediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň watansöýüji, maksadaokgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen işlerine mynasyp goşant bolar.

—      Mährem enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň sarpasyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ähli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris! — diýip, Bahar gürrüňini jemläninde aýtdy.

 

Bu şatlykly pursatlara şaýat bolýan Dokma senagaty işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Oguljeren ŞYHYÝEWA biziň söhbetdeşligimize goşuldy. Ol:

— Hormatly Prezidentimiz enelerimiziň el hünärine uly hormat goýýar, onuň gözelligiň nusgasydygyny aýratyn nygtaýar. Bu biziň buýsanjymyzy goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda-da el hünäriniň mukaddesligi açylýar. Ene hemişe gyzlarynyň el işiniň nusgalyk derejede bolmagyny ünsden düşürmeýär. Şol sebäpdenem türkmen gelin-gyzlarynyň el hünäri bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolup gelýär — diýip, özüniň ýürek buýsanjyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde ene mukaddesligi bilen bir hatarda el hünäriniň sünnäligi barada söhbete giň orun berilýär. Bäsleşige gatnaşýan gelin-gyzlaryň el işlerini synlaýarkaň, başyň göge ýetýär. Bu işleriň üsti bilen enelerimiziň el hünäriniň nesillere nusgalykdygyna göz ýetirýäris.

— Bize şeýle ajaýyp eserleri serpaý edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Bäsleşigiň dowamynda Aşgabat şäherinden bäsleşikde çykyş eden zenanlar düýpli gyňajyň dokalyşyny taryp etdiler we oňa salynýan nagyşlaryň many-mazmunyny açyp görkezdiler. Olar düýpli gyňajyň dokalmagy üçin ýüpekleriň taýýarlanyşy barada gürrüň berdiler. Daşoguz welaýatyndan gelen gelin-gyzlar guramanyň gelip çykyşy, tikilişi we onuň durmuşa çykýan gyzlaryň sepinde eýeleýän orny barada gyzykly söhbet etdiler. Mary welaýatyndan bäsleşige gatnaşýan gelin-gyzlar keçe basmagyň inçe syrlaryny çözlediler. Keçäniň gülleriniň ýerbe-ýer düşmegi, gyralarynyň göni bolmagy üçin nähili zähmetiň gerekdigini görkezdiler. Keçäniň saglyga täsiri barada gürrüň berdiler.

 

«Göreldesi enäniň — el hünäri zenanyň» diýen at bilen yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Ahal welaýatyndan hem on barmagyndan dür dökülýän gelin-gyzlar gatnaşdylar.Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan MYRADOWA bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol Ahal welaýatyndan bu bäsleşige gatnaşýan gelin-gyzlaryň özlerinde uly jogapkärçiligi duýýandyklaryny aýtdy. Ol:

— Halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň birem gyzlaryň edep-terbiýesi bilen bir hatarda olara el hünäriniň öwredilmegidir. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde Ogulabat ejäniň durmuşynda beýan edilýän bu nusgalyk ýol ähli türkmen gelin-gyzlaryna mekdep bolup nur saçýar.

Ajaýyp zamanamyzda bu nusgalyk ýoluň kämilleşmegine ähli mümkinçilikler açylýar. Hormatly Prezidenti- miziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseri esasynda «Göreldesi enäniň — el hünäri zenanyň» diýen at bilen yglan edilen bäsleşige ýurdumyzyň ähli künjeginden müňlerçe gelin-gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň dowamynda gelin-gyzlarymyzyň el hünärine inçelik bilen çemeleşýändikleri, nagyşlaryň taryhyna, olaryň gelip çykyşynyň aýratynlyklaryna uly gyzyklanma bildirýändikleri aýdyň ýüze çykdy. Munuň özi halkymyzyň gadymy däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza hormatynyň uludygyny görkezýär. Şeýle-de ýaş nesilleriň ene-mamalarymyzyň bize miras goýan milli gymmatlyklarymyzy kämilleşdirýändiklerini synlamak juda ýakymly.

«Göreldesi enäniň — el hünäri zenanyň» diýen at bilen yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Ahal welaýatyndan gatnaşan gelin-gyzlar keşde çekmegiň, basma basmagyň, tahýa nagyşlarynyň özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezdiler. Şeýle bäsleşikler ýaşlaryň el hünärine bolan söýgüsini artdyrýar, olaryň el işine hasam hormat bilen çemeleşmegine ýol açýar.

Halkymyzy eşretli zamana ýetiren hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, umumadamzat bähbitli oňyn başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris! — diýip, buýsanjyny beýan etdi.

 

Bäsleşige Lebap welaýatyndan gatnaşýan gelin-gyzlaryň ýurdumyzyň gündogar welaýatynda haly dokalyşyny we oňa salynýan nagyşlaryň özboluşly aýratynlyklaryny çeper beýan etdiler.Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy Jumagül AÇYLOWA bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol:

— Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseri esasynda «Göreldesi enäniň — el hünäri zenanyň» diýen at bilen yglan edilen bäsleşigiň dowamynda ýaşlaryň milli mirasymyza bolan söýgüsini kämilleşdirmäge, şeýle-de olary ýurdumyzyň dürli sebitlerine mahsus el hünäri bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilik boldy. Bäsleşigiň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen gelin-gyzlar bir-biri bilen tejribe alyşdylar. Bularyň ählisiniň milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň baýlaşmagyna, ýaşlaryň watansöýüjilik esasynda terbiýelenmegine uly täsir etjekdigi aýratyn bellenilmelidir.

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde mähriban Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň ýaşlara nusgalyk durmuş ýoly açylýar. Biz muny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmeli. Häzirki günlerde-de biz öz agzalarymyzyň we ýaş nesilleriň arasynda dürli duşuşyklary yzygiderli geçirýäris. Şeýle nusgalyk ýol-ýörelgelerimiz ýaş ene-atalar üçin mekdep bolup durýar. Bu bäsleşigiň dowamynda-da gyzlaryň edep-terbiýesinde el hünäriniň eýeleýän orny, enelerimiziň bize goýan gymmatly mirasy giň beýanyny tapdy.

Bizi şeýle gymmatly eserleri bilen serpaýlaýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli oňyn başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris! — diýip, Jumagül öz ýürek buýsanjyny paýlaşdy.

 

«Göreldesi enäniň — el hünäri zenanyň» diýen at bilen geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna Balkan welaýatyndan gatnaşýan gelin-gyzlar sebitde meşhur bolan palas dokamagyň aýratynlyklaryny açyp görkezdiler. Palas dokamagyň inçe syrlary tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Şol ýakymly pursatlarda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Bibijan NURMÄMMEDOWA bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol:

— Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda yglan edilen «Göreldesi enäniň — el hünäri zenanyň» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň Balkan welaýatynda geçirilmegi başymyzy göge ýetirýär. Munuň özi bäsleşige Balkan welaýatyndan gatnaşýan gelin-gyzlary ruhubelentlige besledi. Bäsleşigiň dowamynda olar sebite mahsus el hünärlerini açyp görkezmek bilen bir hatarda gelin-gyzlaryň ruhubelentligini, bagtyýar zamana buýsançlaryny, el hünärlerine söýgülerini gazallaryň üsti bilen beýan etdiler. Bäsleşik gelin-gyzlaryň el hünärini açyp görkezmek bilen bir hatarda, onuň ýaşlaryň edepli bolmagyna ýetirýän täsirine hem göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle bäsleşikleriň dowamly bolmagyny arzuw edýäris. Goý, biziň her birimiziň döredijilikli işlemegimize we bagtyýar durmuşda ýaşamagymyza ähli mümkinçilikleri açýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin! — diýip, ýürek buýsanjyny aýtdy.

 

Bäsleşige gatnaşýanlaryň arasyndan mynasyp ýeňijini saýlamak eminleriň paýyna düşýär. «Göreldesi enäniň el hünäri zenanyň» atly bäsleşigiň eminler toparynyň agzasy, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň mugallymy Oguljeren SUHANOWA bilen söhbetdeş bolduk.

— Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny ähli halkymyz söýgi bilen ýüzüne syldy. Bu kitap eneleriň kalbyna üýtgeşik ýakym çaýdy. Bu kitapda enä söýgini, perzende terbiýäni, maşgala agzybirligini görmek bolýar. Ogulabat ejäniň el hünärine näderejede sarpa goýýandygyny okamak biziň her birimiz üçin görelde mekdebidir. Ýaşlara el hünärini terbiýe bilen birlikde berip bilmegiň näderejede zerurdygy barada aýdasym gelýär. Biz öz alyp barýan işimizde-de, ýaşlar bilen geçirýän duşuşyklarymyzda-da hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň many-mazmuny barada söhbetlere giň orun berýäris. Ýaş nesilleriň bu ajaýyp eseri uly gyzyklanma bilen okaýandyklary bizi begendirýär.

«Göreldesi enäniň — el hünäri zenanyň» diýen at bilen yglan edilen bäsleşigiň esasy maksady ýaşlara Ogulabat ejäniň el hünärine bolan sarpasyny açyp görkezmekden, olaryň el hünärine söýgüsini kämilleşdirmekden ybarat. Bäsleşigiň dowamynda el hünäriniň dürli ugurlaryndan baş çykarýan gelin-gyzlar öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Olaryň keşde çekmek, basma basmak, haly dokamak, keçe basmak ýaly işlere ökdeligi bilen birlikde, şol işleriň taryhy barada gürrüň bermekleri aýratyn bellenilmelidir. Şeýle bäsleşikler yzygider geçirilse, gyzlaryň el hünärine bolan hormatynyň has-da artjakdygyna ynam bildirmek bolar. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagyna ähli mümkinçilikleri açýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun — diýip, Oguljeren mugallym buýsanç bilen belledi.

«Göreldesi enäniň el hünäri zenanyň» diýen at bilen yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda baş baýraga Balkan welaýatynyň gelin-gyzlary mynasyp boldular. Birinji orny Daşoguz welaýatyndan gatnaşan gelin-gyzlar eýelediler. Bäsleşige gatnaşanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşan gelin-gyzlar el hünärine hormat goýýan Ogulabat ejäniň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleriniň dowamly bolmagyny alkyşly sözlere beslediler.

 

* * *

 

Bäsleşige gatnaşanlar gaýdyşyn ýene-de dag ýodalaryny yzarlap gelýärdiler. Olaryň ýürek buýsançlarynyň egsiler ýaly däldigi ýüz-gözlerinden mese-mälim duýulýardy. Ol şadyýanlyk belent-belent daglarada ýaraşyk bolup siňýärdi. Şonda nesilleriň ruhubelentligini has belende göterýän ene söýgüsiniň, ene terbiýesiniň, enäniň görüm-göreldesiniň mizemeýän güýji örboýuna galýardy. Şol pursatda bütin Älem ene mähri bilen nurlanýardy. Ol nurly pursatlary synlamaga giň mümkinçilik açýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdylýan alkyşlaryň yzy has-da uzaýardy.

 

Amangül NURMYRADOWA,

ýörite habarçymyz

http://tradeunions-kardesh.gov.tm/content/7926

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com