ÝÖRÄN ÝOLY—ÝÖRELGE, EDEN IŞI—NUSGALYK

Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. «Ogulabat ejäniň ýörän ýoly—ýörelge, eden işi—nusgalyk» atly aýdym-sazly dabaraly çärä ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we ak mermerli Aşgabat şäherimizden gelen köp sanly myhmanlar, mährem eneler, edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, ýaşlar gatnaşdylar.

Eziz Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli işlerde gazanylýan uly üstünliklerde zenanlaryň hem saldamly goşandy bardyr. Zenanlar jemgyýetimizde düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi ugrunda döredijilikli we tutanýerli zähmet çekýärler. Olar ösüp gelýän ýaş nesillerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly belent duýgulary terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejeden görelde alýarlar. Ogulabat ejäniň watansöýüjiligi, maşgala ojagyna wepalylygy, salykatlylygy, paýhaslylygy, çeper elliligi... türkmen zenanlarynyň mertebesini asyrlaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Türkmen zenanlarynyň süňňüne siňen bu aýratynlyklary ýaş nesliň kalbynda şan-şöhratly geçmişimize buýsanjy, şu günlerimize çäksiz söýgini, eşretli ertirlerimize bolan uly ynamy terbiýeleýär.

Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin bellenip geçildi. Soňra welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym—mukaddeslige tagzym» atly kitabynda beýan edilen rowaýatlar esasynda taýýarlan sahna oýnuna tomaşa edildi. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlarda, küştdepdidir gazallarda abraýy arşa galýan ata Watanymyzyň, ajaýyp döwrümiziň, il agzybirliginiň, bagtyýarlygynyň, ene hormatynyň, zenan sarpasynyň, Magtymguly Pyragynyň waspy belentden ýetirildi. Halkymyzyň bolelin ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmekde, aýratynam ösüp gelýän ýaş nesliň nurana geljegi barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.

 

Nursoltan DEPBIÝEWA.

«Balkan» gazeti.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com