MUKADDESLIGE BAKY TAGZYM

Bagtyýarlyk döwrümizde ata Watanymyzyň geljegi, egsilmez güýç-kuwwaty bolup durýan ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde ägirt uly işleri bitirýän zenanlarymyzyň döwletiň hem-de jemgyýetiň gülläp ösmeginde üstünlikli amala aşyrylýan tutumlara işjeň goşulyşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy hem-de adatlarymyzy aýawly saklaýan, el hünärlerimizi ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nusgalyk göreldesine eýerýän zenanlarymyz ähli ugurlarda döredijilikli zähmet çekýärler.

Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän muzeýde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen maslahat «Gahryman ogly dünýä inderen Ogulabat ejä tagzym» diýlip atlandyryldy. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäherinden dürli kärlerde zähmet çekýän zenanlar, il sylagly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

Mähriban Arkadagymyzyň maşgalada enäniň, zenanyň ornuna ýokary baha bermeginiň özeninde çuň many-mazmun bar. Maşgalada agzybirligi saklaýan we pugtalandyrýan, ruhubelentligiň höküm sürmegini gazanýan, milli ruhly, oňat edim-gylymly, watansöýüji, kämil ahlakly, ilhalar nesilleri terbiýeläp ýetişdirýän zenanlar eziz Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň görüm-göreldesine eýerýärler. Mähremligiň, asyllylygyň, näzikligiň nusgasy bolan mähriban enäniň durmuş ýoly türkmen gelin-gyzlary üçin ýörelgedir. Ýokary ruhubelentlige beslenen maslahatyň dowamynda çykyş edenler «Gahryman ogly dünýä inderen Ogulabat eje mukaddesligiň, mähribanlygyň nusgasydyr» diýip, buýsanç bilen bellediler. Hemişe mähriban enäniň göreldesine eýerip, öý-ojaga wepalylygyň nusgasyny görkezmek bilen, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýeläp, olaryň halkymyza, Watanymyza mynasyp ogul-gyzlar bolup ýetişmeklerini gazanjakdyklaryna ynandyrdylar.

Maslahata gatnaşanlar zenan sarpasyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyzyň mähriban käbesine uzak ömür, berk jan saglyk arzuw etdiler.

 

Nursoltan DEPBIÝEWA,

«Balkan» gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com