ÖZELLIK NUSGASY ZENAN DÜNÝÄSI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen zenanlarynyň bagtyýar ýaşamagy, işlemegi, döretmegi üçin ähli şert-mümkinçilikler üpjün edilýär. Olar öz saýlap alan kärlerinde abraýly zähmet çekip, ata Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Zenanlaryň başarnygyny we ukybyny açyp görkezmek maksady bilen ýurdumyzda dürli bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň biri hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Мilli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde guramaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym—mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda geçirilýän «Göreldesi enäniň—el hünäri zenanyň» atly bäsleşikdir. Bu bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyry welaýatymyzyň Magtymguly etrabynda guramaçylykly geçirildi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar ilki bilen Serdar etrabynyň golaýyndaky Parawbibi aramgähine zyýarat etdiler. Bu ýerde Parawbibi ýadygärligini, onuň daş-töwereginiň dag gözelliklerini synlap, Magtymguly etrabyna tarap ýola düşdüler. Etrapda ýerleşýän Şibli baba öwlüýäsinde sadaka berlip, okalan aýat-töwirlerde Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, ýurdumyzyň mundan-da beýläk gülläp ösmegi dileg edildi.

«Göreldesi enäniň—el hünäri zenanyň» atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar Magtymguly Pyragy muzeýiniň öňündäki toý lybasyna bezelen giň meýdançada ýaýbaňlandyrylan muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň, nusgalyk el işleriniň, haly-palas, keçe, şonuň ýaly-da zergärçilik önümleriniň sergilerine aýratyn gyzyklanma bilen syn etdiler. Halk döredijilik toparlarynyň kalplara ruhy lezzet paýlaýan joşgunly çykyşlary belentden ýaňlandy.

Bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeňiji bolan dürli kärdäki zenanlar gatnaşdylar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlaryna mahsus asylly häsiýetleri terbiýelemegi we ýaş nesillerimizde milli lybaslarymyza bolan höwesi artdyrmagy maksat edinen bäsleşigiň ilkinji «Gadymy nagyşlaryň syrlary» atly şertinde oňa gatnaşanlar öz welaýatlarynyň aýratynlyklary bilen bagly milli lybaslar, olara salnan nagyşlaryň gadymylygy, nagyşlara siňen syrly şekilleriň manylary barada gürrüň berdiler. «Hünärim bar—hormatym bar» atly ikinji şertde zenanlar el işlerini ýerine ýetirmekde güýç synanyşdylar. Olar berlen wagtyň dowamynda keşde çekip, gaýma gaýamakda, aldymgaçdyr alaja örmekde, seçek etmekde, ýörmemekde we depjemekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň «Kesbi-kärim—nesillere görelde» atly üçünji şertinde gelin-gyzlar ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän nagyşlar bilen baglanyşykly yrymlary, däp-dessurlary we nagyşlaryň taryhyndan gadymy rowaýatlary gürrüň berdiler. Gazallary, küştdepdileri, sahna oýunlaryny ýerine ýetirdiler. Zenan mertebesini belende göterýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Gyzykly hem-de täsirli geçen bäsleşigiň jemi jemlenende, welaýatymyzyň zenanlary baş baýraga, Daşoguz welaýatynyň zenanlary birinji, Aşgabat şäherinden we Ahal welaýatyndan bäsleşige gatnaşan zenanlar ikinji, Mary we Lebap welaýatlaryndan gelen zenanlar üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

 

Gülälek ÖWEZOWA

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com