GYZYKLY BÄSLEŞIK

27-nji oktýabrda Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň 11-nji Saglyk öýünde hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzymmukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserine bagyşlanyp «Öý-ojagyň gelşigi kümüş saçly eneler» atly bäsleşik geçirildi.

 

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşige paýtagtymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň maksady saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda ajaýyp zamanamyzda, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, ýurdumyzda raýatlarymyzyň durmuş, saglyk goraglylygyny yzygiderli kämilleşdirmek

boýunça alnyp barylýan işleri giňden wagyz etmekden, türkmen milliliginiň ruhy özenini çuňňur açyp görkezmekden, hormatly Prezidentimiziň sowgat

beren «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseriniň many gymmatlygyny ýaýmakdan ybarat boldy.

Bäsleşige gatnaşanlar 3 şert boýunça bäsleşdiler. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan rowaýatlary, hekaýatlary çeper keşpde janlandyrdylar; jemgyýetimiziň esasy binýady bolan maşgalany pugtalandyrmak, eneligi, çagalygy goramak, nesilleriň sagdynlygyny üpjün etmek ugrunda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda ene süýdüniň ähmiýetini, peýdasyny beýan etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda beýan edilýän ene söýgüsiniň belent nusgasyny, ene keşbiniň mukaddesligini şygyr, aýdym aýtmak, gopuz, dutar çalmak bilen wasp etdiler.

Kitapdaky çuňňur mazmunly gürrüňlere, mähriban käbelerimize bagyşlanyp asyrlaryň dowamynda dörän rowaýatlar esasynda edilen çykyşlar örän täsirli boldy.

Bäsleşikde ýeňiji bolan saglygy goraýyş ulgamynyň işgärine we üstünlikli çykyş edenlere Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, Türkmenistanyň

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň taýýarlan gymmat bahaly sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Gültäç ANNAÝEWA, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň ýanygy bejerýän bölüminiň pediatr lukmany:

Bu bäsleşik aýdyň ýol bilen öňe barýan mähriban Watanymyzyň pajarlap ösmegine goşant goşýan saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerine hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, lukmançylyk ylymlaryny ösdürmekde, sagdyn-durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmekde, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň many-mazmunyny, milliligiň ruhy özenini saglygy goraýyş edaralarynda çuňňur özleşdirmekde uly itergi berdi.

«TürkmenistanBeýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň bize sowgat beren «Enä tagzymmukaddeslige tagzym» atly kitabynda ene keramaty, ene bilen perzendiň ýakynlygy, çaga ene terbiýesiniň näderejede zerurlygy, şol terbiýäniň çagany hemişe rowaçlyklara atarýandygy barada

ýakymly gürrüňler edilýär, maşgala mukaddesligine berilýän uly baha beýan edilýär. Ajaýyp kitap esasynda goýlan sahna eserlerinde çykyş etmek meniň üçin diýseň tolgundyryjy boldy. Men bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, onuň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandym.

Milli ýol-ýörelgämizi kalbymyza, aňymyza siňdirip, nesillerimizi sagdyn ruhy-ahlak däplerinde terbiýelemek biziň mukaddes borjumyzdyr. Ata Watanymyzy, bagtyýar halkymyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, beýik maksatlary elmydama rowaç bolsun!

Taýýarlan Jennetgül ORAZOWA, ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com