Gender deňligi: DEŇ MÜMKINÇILIKLER WE HUKUKLAR ÜPJÜN EDILÝÄR

Türkmenistan öz syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryny başdan geçirýär. «TürkmenistanBeýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şöhratly ösüşlerini wagyz etmekde we ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly beýik özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmakda saldamly goşantlaryny goşýarlar.

 

 

Garaşsyzlyk ýyllary içinde, aýratyn hem soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde durmuş-ykdysady ösüşde uly üstünliklere eýe boldy. Ykdysadyýetde netijeli düzümleýin özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde jemi içerki önümiň adam ’ başyna düşýän derejesi boýunça Türkmenistan Bütindünýä bankynyň görkezijisi babatda girdejileri orta derejeden geçýän ýurtlaryň hataryna girýär. Galyberse-de, dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň bolan döwründe-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün edýär. Türkmenistan Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan başlap, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna deň hukukly gatnaşmak taglymyny pugtalandyrmaga gönükdirilen işjeň gender syýasatyny ýöredýär. Türkmen aýallarynyň ýokary jemgyýetçilik derejesi, gürrüňsiz suratda türkmen jemgyýetinde taryhy jähetden emele gelen demokratik esaslar bilen

baglanyşyklydyr.

Türkmenistanda aýallaryň ýagdaýy, aýallar babatda ýöredilýän döwlet syýasatynyň umumy strategiýasy we ileri tutulýan ugurlary bilen kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, deň hukuklar we azatlyklar ýörelgesini durmuşa geçirmek, erkekler we aýallar üçin deň mümkinçilikleri döretmek onuň maksadydyr. Zenanlaryň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak we döwlet tarapyndan üpjün etmek jemgyýeti durnukly ösdürmegiň möhüm şertleriniň biridir. Ýurdumyzda eneligi goldamaga, zenanlaryň döwletimizdäki we jemgyýetimizdäki derejesini hem-de ornuny ýokarlandyrmaga, milli kanunçylyga we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu hili çuňňur pähim-parasada ýugrulan syýasaty zenanlaryň ýokary durmuş, ykdysady we zähmet işjeňligini şertlendirýär.

Türkmenistanyň Hökümeti BMG-niň Adam hukuklary boýunça konwensiýalaryndan gelip çykýan, öz üstüne alan ähli halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirjekdigini jar etdi. Biziň ýurdumyzda ýöredilýän gender syýasaty, aýallaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deňhukukly gatnaşmagyny kepillendirýän institusion we kanunçylyk taýdan goldaw bermek çärelerini işläp taýýarlamaga, jynslaryň deňhukuklylygynyň konstitusion ýörelgesini durmuşa geçirmäge, aýallar we erkekler üçin birmeňzeş mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Oýlanyşykly durmuş, şol sanda gender syýasatynyň durmuşa geçirilmegi, hukuklaryň we mümkinçilikleriň deňliginiň üpjün edilmegi iri ykdysady taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň amala aşyrylmagynyň şeýle ýokary netijede bolmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz hökümetiň öňünde biziň ykdysadyýetimiziň bazar netijeliliginiň hem-de durmuş adalatlylygy ýörelgeleriniň arasynda deňagramlylygy üpjün etmek wezipesini goýdy. Her bir raýaty, her bir maşgalany, ilkinji nobatda, köp çagaly maşgalalary durmuş taýdan goramak üçin maddy ýeňillikler ulgamy döredildi.

Türkmenistan aýallar babatda ähli görnüşlerdäki kemsitmeleri ýazgaryp, jyns alamaty boýunça islendik tapawuda, aradan aýyrma we çäklendirmä ýol bermezlik syýasatyny yzygiderli hem-de gyşarnyksyz ýöredýär. Türkmenistan Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasyny ykrar etmek we halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýermek bilen, adam hukuklary hakynda esasy halkara namalaryna, şol sanda, Aýallaryň hukuklary hakynda jarnamalara we konwensiýalara goşuldy.

Türkmenistan bu milletler bileleşiginiň möhüm halkara-hukuk resminamalarynyň biri bolan BMG-niň Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda halkara Konwesiýasyny 1996-njy ýylda tassyklady. Bulardan başga-da, Türkmenistan «Jyns kemsidilmeginiň ähli formalaryny ýok etmek hakynda» Halkara Konwensiýasyna, «Aýallar babatynda hukuklary kemsitmegiň ähli formalaryny ýok etmek hakynda Konwensiýa», bu babatdaky Fakultatiw teswirnama, Aýallaryň syýasy hukuklary barada Konwensiýa, Zähmetiň Halkara Guramasynyň «Erkek adamlary we aýallary deň ähmiýetli zähmeti üçin deň derejede sylaglamak hakynda» we beýleki Konwensiýalaryna goşuldy. BMG-niň bütin dünýädäki aýallaryň ýagdaýyna täsirini ýetirýän, maksady gender deňsizligini ýok etmäge gönükdirilen Pekin Deklarasiýasynyň şertlerini kabul etdi.

Aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygy adam hukuklarynyň global ulgamynyň aýrylmaz bölekleriniň biri we sosial adalatlylygy üpjün etmegiň şertleriniň biridir. Jynslaryň hemmetaraplaýyn deňligini gazanmak demokratik prosesleriň dolulygynyň şertleriniň biridir. Aýallary durmuş taýdan goragyň obýekti bolmaklaryndan işjeň hereket edýän şahsyýete öwürmäge ýardam edýän şertler diňe ösen demokratiýa we raýat jemgyýetiniň kemala gelýän şertlerinde ýüze çykýar.

Türkmenistanda şahsyýetiň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramagyň maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine, netijeli milli hukuk binýady, kazyýet we hukuk goraýjy edaralaryň ulgamy, degişli jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeňligi ýardam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda BMG-niň agentlikleri we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmekde bar bolan hukuk goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek işleri geçirilýär. Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk eýermek bilen, adam hukuklaryny goramagyň milli ulgamyny kämilleşdirmegi dowam etdirýär.

Esasy Kanunymyza laýyklykda, Türkmenistanda erkekler bilen aýallar deň raýatlyk hukuklaryna eýedirler. Olaryň kanun öňünde deňligi döwlet tarapyndan kepillendirilýär. Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýöredilýän gender syýasaty aýallaryň ýurdumyzda ýöredilýän gender syýasaty aýallaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deňhukukly gatnaşmagyny kepillendirýän konstitusion we kanunçylyk taýdan goldamagyň çärelerini işläp taýýarlamaga, jynslaryň deňhukuklylygynyň konstitusion ýörelgesini durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Erkekleriň we aýallaryň deňliginiň ýörelgesi Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň aýrylmaz bölegidir. 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde: «Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deňhukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr. Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär» diýlip berkidilýär (29-njy madda).

Aýallaryň hakyky azatlygy, olaryň ýurdumyzda bolup geçýän progressiw ösüşlere dahyllylygy, bolup geçýän özgertmelerde hem-de jemgyýetiň işlerini dolandyrmakda işjeň orny olaryň raýat garaýyşlarynyň ýokary derejesini göz , öňünde tutýar. Häzirki wagtda jemgyýetiň doly hukukly, sazlaşykly  ösen we durmuş taýdan işjeň agzalary  bolan ýurdymyzyň zenanlar halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, ýurdymyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşyna giňden gatnaşýarlar. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň / ýüregi» ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilýän wagyz-nesihat medeni-köpçülikleýin çäreler many-mazmuna baýlygy we netijeliligi bilen tapawutlanýar. «Häzirki zaman türkmen edebi diliniň ösüş ugurlary» atly seminar-maslahat, Halkara zenanlar güni mynasybetli, ýurdumyzyň tanymal medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda, «Bagtyýar biz Arkadagly Diýarda» atly baýramçylyk . duşuşygy, «Zeminiň görki siz, bagtyýar zenanlar!» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat, «Hormatly Prezidentimiziň beýik özgertmeler ýoly — zenanlaryň ýörelgesi» atly dabaraly maslahat, «Gömükli alym zenan atly bäsleşigi», «Beýik Ýüpek ýoly — ajaýyp zähmet ýoly» atly bäsleşigi, soňky döwürlerde has-da ýygjamlaşýan we ýokary ruhubelentlik derejesinde guralýan sport we köpçülikleýin bedenterbiýe çäreleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ýiti pähim-paýhasyndan joşup çykan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda «Türkmeniň mährem käbesi ahlak, maşgala gymmatlygydyr» atly, «Göreldesi enäniň — el hünäri zenanyň» atly bäsleşikleriniň, şeýle hem «Gahryman ogly dünýä inderen Ogulabat ejä tagzym» atly maslahatyň geçirilmegi-de muny doly tassyklaýar. Aýratyn-da «Zeminiň görki — zenan», Çeper elli, zähmetsöýer zenanlaryň arasynda «Gülüň owadan» atly keçe bäsleşigi we amaly-haşam eserleriniň sergisi, «Ýylyň zenany» bäsleşikleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli — 2018» atly gözellik bäsleşigi ýokary guramaçylykly häsiýete eýe boldy.

1999-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan BMG-niň Aýallaryň syýasy hukuklary hakynda konwensiýasy tassyklanyldy, şol Konwensiýa laýyklykda, olara erkekler bilen deň şertlerde wezipeleri eýelemek hem-de ähli jemgyýetçilik-döwlet wezipelerini ýerine ýetirmek hukugy degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň düzüminiň 26 göterimi aýallardyr. Olar şeýle hem ähli derejelerdäki wekilçilikli we ýerine ýetirijilik döwlet häkimiýet edaralarynyň düzümine girýärler.

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda syýasatynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi aýallaryň hemmetaraplaýyn ösmegini we öňe gitmegini üpjün edýär, zenanlaryň erkekler bilen deňlik esasynda syýasy, ykdysady, durmuş, medeni we beýleki ugurlardaky hukuklaryny hem-de azatlyklaryny amala aşyrmak üçin döwlet kepillendirmelerini belleýär.

Gender babatda deňlik meseleleri Türkmenistanyň Jenaýat, Raýat, Zähmet kodeksleri, Maşgala kodeksi, «Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda», «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda», «Bilim hakynda», «Adam söwdasyna garşy göreş hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki birnäçe kanunlar bilen düzgünleşdirilýär. Ýurdumyzda gender deňligini gazanmak boýunça alnyp barylýan işleri kanunçylyk taýdan berkitmek maksady bilen, ýurdumyzyň zenanlar guramalarynyň işjeň gatnaşmagynda, 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanunyň Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmegiň meseleleri boýunça maksatnamalaýyn resminamalaryň durmuşa geçirilmeginde we bu ugurda halkara gatnaşyklarynyň ösmeginde uly ähmiýeti bar. Şeýle hem Kanun döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepilliklerini, ýagny gender deňligini belleýär.

Milli kanunçylygymyz deňhukuklylygyň konstitusion ýörelgesine eýermek bilen, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda öz hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmekleri üçin aýallara ähli şertleri üpjün edýän düýpli möhüm hukuk mehanizmlerini we kepillendirmelerini göz öňünde tutýar.

Gender syýasatyny ösdürmek dowam etdirilýär. BMG-niň konwensiýalary boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň maslahatlaryny, gender deňligini gazanmak maşgala, enelik, zähmet we aýallary hemmetaraplaýyn goramak ýaly sosial institutlary pugtalandyrmak üçin ykdysady, durmuş, medeni, guramaçylyk we beýleki çäreleri durmuşa geçirmegi çaltlandyrmak boýunça milli maksatnamalarda meýilleşdirilen çäreleri belli bir maksada gönükdirip ýerine ýetirmek amala aşyrylýar. Türkmenistanda jemgyýetiň we döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda deňhukuklylygyň üpjün edilýändigi sebäpli Türkmenistan 2016 — 2018-nji ýyllar üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä ýüzünde uly abraýa eýediginiň nobatdaky beýany boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen kabul edilen «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 — 2020nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu Meýilnama gender gatnaşyklary ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Ol zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamdaky işe gatnaşmagyny giňeltmek üçin zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Milli kanunçykaryjylyk, konstitusion deňhukuklylyk ýörelgelerine daýanmak bilen, erkekleriň we aýallaryň häkimiýet düzümlerine sazlaşykly gatnaşyklaryny gazanmaga mümkinçilik berýän, zenanlaryň ykdysady garaşsyzlygy, öz söwda we telekeçilik işlerini ösdürmek we gulluk wezipesi boýunça ösmeklerini üpjün etmek, maşgalada hukuklaryny we borçlaryny amala aşyrmakda deň şertleri döretmek üçin mümkinçilik berýän möhüm hukuk binýadyny we kepilliklerini göz öňünde tutýar. Gender deňligi nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň kanunçylygynyň halkara kadalaryna laýyklaşdyrylmagy we ýagdaýlaryň gender seljerilmegi, ösüşde gender tapawutlarynyň we zenanlaryň ýagdaýlarynyň esasy görkezijilerine berlen synyň netijeleri ýurtda dürli ulgamlarda ösüşiň gazanylandygyna we gender syýasatyny ösdürmek işiniň dowam edýändigine şaýatlyk edýär.

Biz geljekde hem Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Maksatnamasynda öz beýanyny tapan Türkmenistany senagat, innowasiýa taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak barada beýik maksatlaryny üstünlikli amala aşyrmak ugrunda netijeli, döredijilikli, yhlasly zähmet çekeris.

Goý, Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan — Watanymyza parahatçylyk ýoly bilen ösüş, berkararlyk, halkymyza abadan durmuş, bagtyýarlyk hemra bolsun! Halkymyzy eşretli zamana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Gurbangül BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

 

 

 

 

 

 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com