Belent sarpadan nyşan

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy şatlykly waka öwrüldi. Bu ajaýyp eser her bir ynsany mähir ummanyna atarýar, ene hakda ýakymly oýpikirlere batyrýar. Munuň şeýledigi hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzymmukaddeslige tagzym» atly eseri esasynda yglan edilen bäsleşikleriň dowamynda-da aýdyň ýüze çykýar. Bu günler Diýarymyzyň çar künjünde şeýle bäsleşikler dowam edýär.

Golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň guramagynda, teleradioýaýlymlaryň ussat alyp baryjylaryny ýüze çykarmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» atly eseri esasynda yglan edilen «Enä tagzym etmek parzdyr» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşanlar üç şert esasynda bäsleşip, hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan bir parçany labyzly okadylar, ajaýyp eserde beýan edilýän rowaýatlardan, wakalardan bir parçany, keşbe girip, titrden monolog görnüşinde okap, öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň üçünji şertinde oňa gatnaşan teleradioýaýlymlaryň alyp baryjylary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüşlerini, hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda bar bolan suratlary monitorda görkezip, ony labyzly beýan etdiler.  Ene mukaddesligini çeper beýan etmekde ussatlyk görkezen «Miras» teleradioýaýlymynyň Medeni miras bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Oguljahan Gurbanowa, «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň Paýhas synagy bölüminiň müdiri Aknabat Klyçewa, «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň Folklor, halk döredijiligi bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Merjen Esenowa, «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň Lebap welaýat teleradio studiýasynyň režissýory Läle Allakowa, «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň Režissýorlar, hudožnikler we beýleki işgärler toparynyň administratory Gülşat Annamyradowa dagy ýeňiji boldular. Ýeňijilere sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşanlar işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com