Ýeňiji bolmak ýakymly

Sungata bolan söýgi, hyjuw ýürekden bolanda öz erkine goýmaýan eken. Bu Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren bagtyýar zamanasynda-ha hasam şeýle. Bu döwürde döredijiligiň, zehindir zähmetiň sarpasy belentde. Halk hakynda alada her bir ädimde duýulýar. Aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban enelere goýýan hormat-sylagy her birimizi buýsandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda elimize gowşan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda perzent bilen enäniň arasyndaky ruhy nyşyk, egsilmez söýgi sada dilde çuň mazmun bilen beýan edilýär. Bu ajaýyp kitap bilen baglanyşykly geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi boldum. Ene mertebesiniň belentde saklanýan zamanasynda ýaşaýandygym üçin özümi perzent hökmünde-de, ene hökmünde-de juda bagtly duýýan. Çünki Arkadagly zamanamyz ynsan mertebesiniň belent saklanmagy, döredijiliginiň, başarnygynyň sarpalanmagy, zähmetiniň höweslendirilmegi bilen häsiýetlenýär.

Çagalyk döwrümden bäri mähriban pederlerimiň kakamyň kärini ýöredip,

teleradioýaýlymlarda gepleşikleri alyp barmak, taýýarlamak meniň iň söýgüli işimdi. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň hem döredijilik adamydygy halkymyzy, aýratyn-da medeniýet, sungat işgärlerini begendirýär. Çünki döredijiligiňe düşünilýärkä, döretmek, zähmet çekmek has lezzetli. Hormatly Prezidentimiziň açyp beren «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda işlemäge, döredijilik ukybyňy ýüze çykarmaga ähli şertler bar. Geljekde hem Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet, sungat işgärlerine döredip berýän şertlerinden netijeli peýdalanyp, «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynda halkymyzyň göwnünden turjak gepleşikleri, şekilli aýdymlary, konsertleri taýýarlamakda öz ukyp-başarnygymy gaýgyrmajakdygyma, döredijilik zehinimi yzygiderli ösdürjekdigime ynandyrýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Merjen ESENOWA, «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com