Ene mukaddesligine tagzym

«TürkmenistanBeýik Yüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň ýakymly wakalary ýüreklere mähir paýlaýar. Kalby joşgunly ildeşlerimiziň agzybirliginde toýlanýan baýramçylyklar many-mazmuna baýlygy bilen tapawutlanýar.

Golaýda paýtagtymyzdaky «Toý mekany» dynç alyş merkezinde, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Merkezi banky bilen bilelikde guramaklarynda, Aşgabat şäher we welaýatlar boýunça bank ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda yglan edilen «Ene mukaddesligi — Watan beýikligi» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň many-mazmunyny, terbiýeçilik ähmiýetini giň halk köpçüligine wagyz-nesihat etmegi maksat edinen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda oňa gatnaşýanlar üç şert boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň birinji şertinde toparlar hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda taýýarlanan edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdiler. Bäsleşigiň ikinji şertinde oňa gatnaşanlar Ogulabat ejäniň gadymy däp-dessurlarymyzy, el hünärini öz çagalaryna we nesillere öwretmäge aýratyn üns berendigini açyp görkezdiler. Çykyşlaryň dowamynda keşde çekmegiň, basma basmagyň, haly dokamagyň inçe syrlary giň beýanyny lapdy. |Üçünji şertde hormatly Prezidentimiziň ene mukaddesligine bagyşlan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde beýan edilýän rowaýatlary sahnada janlandyrdylar.

Şatlyk-şowhuna beslenen bäsleşigiň dowamynda eneleriň el hünärini, edep-terbiýe mekdebini açyp görkezen Ahal welaýatynyň topary baş baýraga, Aşgabat şäherinden gatnaşan topar birinji orna, Daşoguz we Mary welaýatlaryndan gelen toparlar ikinji orna, şeýle hem Balkan we

Lebap welaýatlaryndan gatnaşan toparlar üçünji orna mynasyp boldular.

Bäsleşige gatnaşanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärleri özleri barada edil-

ýän aladalar, döredijilikli işlemäge döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözleri aýtdylar.

Ýörite habarçymyz

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com