Däbaraly maslahat geçirildi

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi.

«Halal zähmet — berekediň gözbaşy» atly maslahat Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Ofta jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, welaýatlarymyzda zähmet çekýän kärendeçilerimiz gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda halkymyz asudalygyň, bolçulygyň hözirini görüp, toý-baýramlary şatlyk-şowhuna besläp, eşretli geljege tarap barýar. Eziz Diýarymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän rysgal-berekediň, saçaklarymyzyň bolçulygynyň şanyna tutulýan iň gadymy baýramlaryft biri bolan Hasyl toýy mynasybetli geçirilen bu dabaraly maslahatda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň uly mugallymy Ýazgeldi Saryýew, agronomçylyk fakultetiniň uly mugallymy Meretgül Taganmyradowa, weterinar lukmançylygy fakultetiniň uly mugallymy Saparmyrat Annamuhammedow, Mary etrabynyň «Akybaý» kärhanasynyň kärendeçisi Öwezberdi Gulow, Bäherden etrabynyfl pagta arassalaýjy kärhanasynyň baş buhgalteriniň orunbasary Jeýhun Aşyrow çykyş etdiler.

Olar «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän kärendeçi babadaýhanlarymyz üçin bereketli, rysgally ýyl bolandygyny, pagta bilen birlikde, gök-bakja ekinlerinden hem bol hasyl almagy başaryp, ýurdumyzyň azyk bolçulygyny döretmekde uly üstünlikleri gazanýandyklaryny, gazanylýan bu ýeňişleriň hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen işlenip düzülen, bagtyýar zamanamyzda rowaçlyk ýoluna düşen oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň netijesidigini buýsanç bilen bellediler.

Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alyp zähmet çekýän pagtaçylarymyz bu ýylda-da Hasyl toýuna zähmet sowgatlary bilen geldiler.

Dabaranyň ahyrynda ýurdumyzda pagta ýygymynda tapawutlanan kärendeçilere, ýygymçylara, mehanizatorlara, sürüjilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Dabarada ata Watanymyzda elmydama asuda, parahat durmuşyň höküm sürmegi, döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com