ENE SÜÝDÜNIŇ PEÝDASY

Ýakynda Mary şäherindäki iç keselleri hassahanasynyň mejlisler zalynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Welaýat saglygy goraýyş müdirligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölümi tarapyndan guralan bu çärä ady agzalan hassahananyň işgärleri gatnaşdylar. Bu wagyz-nesihat çäresinde ene süýdüniň inçekesele garşy göreşmekdäki ähmiýeti bilen bagly durmuşa geçirilýän hem-de geljekde geçirilmeli işler dogrusynda giňişleýin we täsirli gürrüň edildi.

Duşuşykda gozgalan meseleler hakynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň işgäri O. Saparmuhammedowa, welaýat inçekesel hassahanasynyň lukmany G. Atajanowa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar ene süýdüniň çagalary inçekeselden goramakdaky ähmiýeti, dogry iýmitlenip, şahsy gigiýenanyň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmegiň zerurlygy barada ýygnananlara gyzykly gürrüň berdiler. Bu meselede geçirilmeli işlere ýygnanlaryň ünsüni çekdiler.

Baýram AMANOW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com