GENDER SYÝASATY IŞJEŇ ALYNYP BARYLÝAR

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi ýurdumyzda her bir adamyň we raýatyň hukuklaryny amala aşyrmaga, adalatly jemgyýetde bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere deň hukukly gatnaşmagyna ýardam berýän işjeň gender syýasatyny alyp barýar. Ýurdumyzda zenanlaryň ýagdaýy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen kesgitlenilýär, onuň maksady Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, erkekler we aýallar üçin deň mümkinçilikleri döretmek, birmeňzeş hukuk ýörelgelerini amala aşyrmakdyr.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, ýurdumyzda zenanlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi we olaryň erkekler bilen hakykat ýüzünde deňhukuklylygyny üpjün etmek boýunça amatly şertler döredilendir. 01 döwlet syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapdy. Türkmenistan Zenanlar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Konwensiýany we onuň Fakultatiw Teswirnamasyny tassyklady, şeýle hem Zenanlaryň ýagdaýy barada IV Bütindünýä Konferensiýasy tarapyndan tassyklanylan Hereketleriň Pekin platformasyny ýerine ýetirmek boýunça Meýilnamany kabul etdi we milli hukuk ulgamyny olara laýyk getirdi.

Türkmenistanyň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, şeýle hem 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň hukuk ýagdaýy barada Komissiýanyň agzalygyna saýlanylmagy ýurdumyza global derejede degişli syýasaty, standartlary we kadalary işläp düzmäge gatnaşmaga we şunuň bilen birlikde Türkmenistanyň hukuk ulgamynda hem-de jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda olary üpjün etmäge giň mümkinçilikleri açýar.

2015-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda gender deňligini üpjün etmek boýunça strategiki maksatlary kesgitleýän Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy tassyklanyldy. Bu Meýilnama milli derejede ileri tutulýan ugurlara, ýurdumyzyň bähbitlerine esaslanýar hemde hormatly Prezidentimiz tarapyndan yglan edilen maksatnamalaryň we özgertmeleriň goldanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Biz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň  deň  hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleriniň bardygy barada örän wajyp kadasyndan ugur alýarys.

Gender deňligini üpjün etmek we ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-siniň biridir. Biziň Hökümetimiz Dumukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde, ilkinji nobatda, hakyky gender deňliginiň üpjün edilmeginde öz üstüne jogapkärçilik aldy. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň

ýaňy-ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji Maslahatynda belent münberden eden çykyşynda Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagynyň äşgär duýulýan durmuş Ugruna eýedigi, ähli zenanlar hem-de gyzlar üçin hukuklaryň we mümkinçilikleriň kepillendirilmegi, adalatly we ýokary hilli bilim almagy üçin şertleriň döredilmegi arkaly doly gender deňligini üpjün etmek ýaly möhüm ugurlar barada aýdandygyny belläp geçmelidir.

Aýallar hakynda döwlet aladasy jemgyýetiň sagdynlygynyň, onuň ynsanperwerliginiň we ahlaklylygynyň alamatydyr. Hormatly Prezidentimiziň bu meselä aýratyn üns bermegi kabul edilen degişli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň girewidir. nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistan gender deňligi we aýallaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň meseleleri boýunça BMG-niň düzüm birliginiň Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlandy. Munuň özi Türkmenistanyň ýurtda gender deňliginiň  ilerledilmegine gönükdirilen we bu ugurda BMG bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygyny Aýallaryň we erkekleriň deňhukuklylygy adam hukuklarynyň giň möçberli ulgamynyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň 29-njy maddasyna laýyklykda: «Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr» diýip bellenilýär.

2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda gender deňliginiň hakykat ýüzünde üpjün edilmeginde möhüm ädim boldy. Kanun 4 bapdan We 29 maddadan ybarat bolup, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli  çygyrlarynda aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepilliklerini belleýär. Ady agzalan Kanunyň 14-nji maddasynda: «Döwlet aýallara we erkeklere raýat hukuklarynyň amala aşyrylmagynda deňhukuklylygy, jemgyýetiň we döwletiň işleriniň dolandyrylmagyna, saýlaw işiniň barşyna deň gatnaşmaklaryny kepillendirýär. Döwlet saglygy goraýyş çygrynda, bilimde, ylymda, medeniýetde, zähmetde we durmuş taýdan goramakda, şeýle hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki çygyrlarynda gender deňliginiň üpjün edilmegini kepillendirýär» diýlip berkidilýär. Kanunyň 15-nji maddasynda: «Döwlet aýallara we erkeklere raýat hukuklarynyň amala aşyrylmagynda deňhukuklylygy kepillendirýär; şertnamalary baglaşan we emlägi dolandyran mahalynda aýallara we erkeklere deň hukuklary üpjün edýär; aýallara we erkeklere kanunyň öňündäki deňligi kepillendirýär, şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, aýallara we erkeklere namysynyň we mertebesiniň deň kazyýet goragyny, şahsy we syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we elinden alynmaýan hukuklaryny kepillendirýär» diýlip bellenilýär.

Şeýle hem bu Kanun esasynda, döwlet aýallara we erkeklere zähmete deň hukugy; aýallara we erkeklere işe giren mahalynda, kärini, edýän işini, iş ýerini erkin saýlamagynda, hünär taýdan taýýarlygynda we gaýtadan taýýarlygynda, zähmet işini ata-ene borçlary bilen utgaşdyranda deň mümkinçilikleri, howpsuz zähmet şertlerini; aýallara we erkeklere deň gymmaty bolan zähmeti üçin deň hak almagy, şeýle hem Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, işiniň hiline baha berlende deň derejede garalmagyny; Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen nika

ýaşyna ýeteninde, aýallara we erkeklere maşgala gurmaga bolan deň hukugy, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde we halatlarda maddy üpjünçilik we durmuş hyzmaty görnüşinde pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi we durmuş ýeňillikleriniň berilmegi arkaly amala aşyrylýan durmuş goragy babatda gender deňliginiň üpjün edilmegini kepillendirýär diýip bellenilýär.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda zähmet çekýänleriň ýarsy aýallardyr. Munuň özi olaryň zähmete bolan konstitusion hukugyndan doly derejede peýdalanýandyklaryny aňladýar. Aýallar ýokary döwlet häkimýet we dolandyryş edaralarynda, ylym we bilim, medeniýet we sungat, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda mynasyp orun eýeleýärler, öz işlerini giňişleýin we işjeň ýaýbaňlandyrýarlar.

Bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen halkynyň däp-dessurlarynda berk we paýhasly nesil hemişe ýetişdirilipdir we her bir maşgalanyň borjy bu asylly däplere eýermek bolup durýar. Aýallar çaga terbiýelemegiň we täze nesilleriň kemala getirilmeginiň ata-babalarymyz tarapyndan toplanan baý tejribesini ulanmak bilen, maşgala gymmatlyklaryny saklamagy we goramagy başarýarlar. Ýokary ahlaklylyk, päk göwünlilik, rehimlilik, ygrarlylyk biziň zenanlarymyza mahsus bolan ajaýyp häsiýetlerdir. Türkmen zenanlary ezber elleri bilen ajaýyp halylary we keşdeleri döredýärler. Olaryň bu döredijilik işlerinde ussatlyk we irginsiz zähmet öz beýanyny tapýar. Bu nepis sungat asyrlaryň dowamynda eneden-gyza, nesilden-nesle geçip, özboluşly terbiýe mekdebine öwrülipdir.

Türkmenistanda ýaşlar, täze gurulýan maşgalalar hakynda uly aladalar edilýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň okamak we hünär edinmek, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda okamak, işe ýerleşmek üçin oňyn ýaşaýşyň ajaýyp mümkinçilikleri bardyr.

njy ýylyň 26-njy martynda «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 6 bapdan we 21 maddadan ybarat bolan bu Kanun eneligiň we çagalygyň goralmagyny üpjün etmegiň döwlet kepilliklerini belleýär we çaganyň esasy hukuklarynyň biri bolan beden we ruhy saglygynyň emele gelmeginiň täsin özboluşly mümkinçiligi hökmünde ene süýdi bilen iýmitlendirilmäge bolan hukugynyň berjaý edilmegine gönükdirilýär. Kanunyň 3-nji maddasynda eneligiň we çagalygyň goralmagyny üpjün etmegiň döwlet kepillikleri barada: «Aýallaryň zähmeti giňden ulanylýan, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalarda göwreli aýallar we çaga emdirýän eneler üçin matly şertleri döretmek maksady bilen, aýallaryň şahsy tämizleniş otaglarynyň, çagany iýmitlendirmek üçin otaglaryň, şeýle hem çagalar bakjalarynyň, çagalar baglarynyň we beýleki mekdebe çenli çagalar edaralarynyň görnüşleriniň guralmagy kepillendirilýär» diýlip bellenilendir.

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda halkymyz ýene bir şatlykly wakanyň şaýady boldy. Hormatly Prezidendimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly täze kitaby elimize gowuşdy. Bu eser enä hormatyň we söýginiň beýikligini alamatlandyrýar, eziz enelerimizi sarpalamagyň belent nusgasydyr. Onda ene mukaddesligi, maşgala ojagy, Watan, türkmenleriň milli özboluşlylygynda kemala gelen hem-de watançy we mynasyp raýaty terbiýelemäge ýardam edýän ene-ata bilen çagalaryň arasynda gatnaşyklaryň çuňňur paýhasly esaslary hakynda gürrüň edilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde enä mukaddeslik hökmünde sarpa goýulýar, biziň borjumyz bu parasatly däbi mynasyp dowam edip, aýawly saklamak bilen, ony nesillere geçirmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidendimiziň halkymyza sowgat beren täze kitaby her bir öýüň bezegine öwrüldi. Çünki bu kitap öýlerimiziň, ömrümiziň ýaraşygy bolan mähriban enelere bagyşlanýar. Kitabyň owadan suratlar bilen bezelmegi okyjylary özüne çekýär. Hormatly Prezidentimiziň kitaby täze nesli ýetişdirmek, ahlakly, paýhasly adamy ýetişdirmek barada kitapdyr. Kitapda däp-dessurlarymyz, terbiýeçilik äheňi barada hormatly Prezidentimiziň ýatlamalary we rowaýatlary bar.

Türkmenistanda zenanlarymyza uly hormat goýulýar, hormatly Prezidentimiz zenanlary Watanymyzyň buýsanjyna, ojaklarymyzyň mukaddesligine deňeýär. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda enelerimiziň öwüt-ündewleri giňişleýin beýan edilýär, şeýle hem ýatlamalaryň, rowaýatlaryň üsti bilen biziň enelerimiziň mukaddesligi barada giňişleýin aýdylyp geçilýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyň sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýelän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylmagy, şeýle-de köp ýyllap halal zähmet çeken zenanlarymyzyň «Zenan kalby» diýen orden bilen sylaglanylmagy, çaga doglanda birwagtlaýyn we 3 ýaşyna ýetýänçä döwlet kömek pullaryny bermek hakynda hormatly Prezidentimiziň çüňňur ynsanperwerlik çözgüdi eziz enelerimiziň göwnüni joşdurýar.

Goý, ýurdumyzda gender syýasatynyň dabaralanmagy üçin taýsyz tagallalary edýän, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!

Jeren ÝEGENOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiň agzasy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com