ÇEKELEŞIKLI GEÇEN BÄSLEŞIK

Düýn Aşgabat şäheriniň 11-nji Saglyk öýünde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagynyň işgärleriniň arasynda «öý-ojagyň gelşigi — kümüş saçly eneler» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik ýurdumyzyň welaýatlarynyň, şeýle hem paýtagtymyzyň çäginde geçirilip, onda tapawutlananlar ýaryşyň döwlet tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

Ýaryş üç şertden ybarat bolup, onuň dowamynda bäsdeşler ene mukaddesligi, öý-ojak, maşgala, ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklar ýaly mizemez gymmatlyklary şöhlelendirýän sahna çykyşlaryny görkezdiler, il-halkynyň Howandary bolan hormatly Prezidentimizi dünýä beren Ogulabat ejäniň nusgalyk keşbi barada goşgudyr aýdymlary ýerine ýetirdiler. Çykyşlarda hormat­ly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» eseri möhüm çeşme boldy.

Türkmende ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamaga, nesilleri sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alyp, sagdyn, milli ruhda terbiýelemäge aýratyn üns bilen seredilýär. Milli ýol-ýörelgämizi durmuşa doly ornaşdyrmak bilen çäklenmän, ony kalbymyza, aňymyza, durkumyza birkemsiz siňdirip, nesillerimizi gadymdan gelýän sagdyn ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemek biziň öňümizde durýan mukaddes borçdur.

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okanyňda, şeýle pikirler biygtyýar seriňe dolýar. Şonuň üçin döwlet derejesinde geçirilen bu bäsleşikde hut şu gymmatly kitaba salgylanylmagyň aňyrsynda uly many bar. Munuň özi bäsleşigiň has-da gyzgalaňly hem-de şüweleňli geçmegine aýratyn ýardam edýär.

Bäsleşik, dogrudan-da, çekeleşikli geçdi. Şoňa görä-de, eminler ýeňijini mälim etmek üçin ýaryşa gatnaşýan saglygy goraýyş işgärlerini goşmaça şertler arkaly synamaly boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Gurban BABAGUL YÝEW.

«Turkmenistan».

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com