MILLETIŇ KÄBESI – NUSGALYK ENE

Halkymyz ähli döwürlerde-de öý-ojagynyň eýesi zenanlaryň mertebesine, şahsyýet gymmatlygyna hormat-sarpaly bolupdyr. Muny biz taryhda yz goýan, at galdyran mertebeli zenanlarymyzyň durmuşy, beýik şalary, han-begleri, akyldar dana ogullary dünýä beren enelerimiz hakynda taryhy çeşmeleriň üsti bilen tanşanymyzda has aýdyň duýýarys. Özüniň ajaýyp eserleri bilen watandaşlarymyzy guwandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasy bilen ýazylan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaplary halkymyzy bu gadymy topraga buýsandyrsa, «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» diýen eseri ene mukaddesligine söýgimizi artdyrýar.
Ine, geçen şenbe güni welaýatymyzdaky ajaýyp bina — «Mary» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň nobatdaky maslahaty hem esasy şu meseleleri öz içine aldy. 
Maslahata TZB-niň welaýat, etrap, şäher geňeşleriniň başlyklary, .welaýat zenanlar bölüminiň geňeşiniň agzalary, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, okuw jaýlarynyň zenan ýolbaşçylary, oba geňeşlikleriniň arçyn zenanlary, ýerlerdäki ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylarydyr ýaşuly zenanlarymyz, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, etrap-şäher raýat ýagdaýlarynyň nama ýazgylary bölüminiň müdirleri we ýaşlar gatnaşdylar.
Welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Mährijemal Mämmedowa maslahaty açmak bilen hemmeleri gün tertibindäki meseleler bilen tanyşdyrdy.
«Gender deňligi we onuň taryhy kökleri» diýen mowzukda Marynyň                    H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Maral Annakulyýewa, «Gender deňligi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir» diýen temada welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Täzegül Beknazarowa giňişleýin nutukda çykyş etdiler. Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, gender syýasatynyň maksady durmuşyň ähli ugurlarynda zenanlaryň we erkekleriň ukyp-başarnyklaryny doly amala aşyrmagy üçin durmuş syýasy şertleri döretmekdir. 
Bu maslahat Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 20-nji maddasynda öz beýanyny tapyp, erkekler bilen zenanlar deň hukuklara we azatlyklara, olary amala aşyrmak üçin birmeňzeş mümkinçiliklere eýedir diýmegi aňladýar.
BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) 2017-nji ýylyň aprelinde geçiren mejlisinde Türkmenistan 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasyna saýlanyp, zenanlara belent hormat-sarpa goýulýandygy ýene bir ýola aýan edildi.
Maslahatda Mary etrap häkimliginiň hünärmeni Bibi Amanowa hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda milletiň nusgalyk enesi Ogulabat eje hakyndaky buýsançly pikirlerini kitapdan bölekleri okamak, rowaýatlardan birnäçesini aýdyp bermek arkaly beýan etdi. Sakarçäge etrabynyň «Birleşik» daýhan birleşiginiň hasapçysy, kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Ogulşeker Annaorazowa milletiň nusgalyk enesi Ogulabat ejäniň durmuş ýolunyň, maşgala terbiýesiniň ähli zenanlar üçin nusgalyk görelde mekdepdigini, il Arkadagyny dünýä beren enäniň beýikdigini, mähribandygyny, mukaddesdigini buýsançly çykyşynda aýdyp geçdi.
Maslahatyň dowamynda Mary şäher häkiminiň orunbasary, şäher zenanlar geňeşiniň başlygy Bahar Torumowa, Baýramaly şäheriniň, Ýolöten, Murgap, Wekilbazar, Oguzhan etrap zenanlar geňeşleriniň başlyklary çykyş edip, milletiň nusgalyk enesi — Ogulabat ejäniň maşgala ojagyndaky perzent terbiýesindäki nusgalyk göreldesiniň ähli türkmen enelerine nusga alarlykdygyny nygtadylar. Maslahatyň gün tertibine girizilen ähli meseleler boýunça halk köpçüliginiň arasynda, zähmet toparlarynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli dowam etdirmek, hormatly Prezidentimiziň türkmen enelerine ajaýyp sowgady bolan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň many-mazmunyny has-da giňden açyp görkezmek maksady bilen guralýan medeni-köpçülik, wagyz-nesihat çäreleriniň täsirliligini ýokarlandyrmak bellenildi.
Maslahaty jemlemek bilen welaýat zenanlar bölüminiň başlygy döretmek we dowam etmek ýaly mukaddeslikleri berjaý edýän eneleriň maşgalanyň mertebe sütünidigini, perzentlerini halal, milli ruhda terbiýelemekde görelde bolup durýandygyny her bir işde, durmuşda, ene-atanyň öz perzendine ýagşy görüm-göreldesi bilen nusga bolmalydygyny nygtady. Mekdeplerde okuwçy gyzlaryň, ýokary okuw mekdeplerinde talyp gyzlaryň milli ýörelgelerimize uýýan edepli, asylly, ahlakly bolmalydygyny ündedi. Iň ýagşy edebiň mirasdygyny nygtamak bilen welaýat zenanlar bölüminiň başlygy zenan edebi, gyz ahlagy bilen baglanyşykly geçirilýän wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli dowam etdirmegi nygtady.
Maslahat oňa gatnaşanlaryň ör turup el çarpyşyp, «Arkadaga şöhrat!» diýen buýsançly alkyş sözleri bilen jemlenildi. 
Aýjan ABDYÝEWA.
«Maru — şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy.
 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com