RUHY BAÝLYGYMYZ

Golaýda etrap medeniýet merkeziniň ýygnaklar zalynda döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly hem-de «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly 2-nji kitaplary bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara edara-kärhanalaryň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de önümçiligiň öňdebaryjylary gatnaşdylar.  
Täze kitaplar bilen tanyşdyrylyş dabarasynda etrap häkiminiň orunbasary Çary Begmyradow, ýaşuly nesliň wekili, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Gurbanseýit Saparmyradow, etrap halk maslahatynyň başlygy Aganazar Gullyýew, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Esen Garryýew, kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Derýaguly Gylyçmyradow, etrap zenanlar guramasynyň başlygy Ogulşirin Amangeldiýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Myratberdi Italmazow çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserleriniň iňňän uly ähmiýeti dogrusynda ýygnananlara gyzykly gürrüň berdiler.
Tawus AŞYROWA.
TMÝG-niň Serhetabat etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri, etrap halk maslahatynyň agzasy.
 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com