ENE MUKADDESLIGI HORMATLANÝAR

Ol gün demir ýol menzilinden Daşoguz welaýatynda geçiriljek çärelere gatnaşmaga barýanlaryň ýüz-gözleri şatlykdan nurlanypdy. Ýurdumyzyň ähli welaýatyndan gelen myhmanlaryň özara mesawy gürrüňdeşlikleri hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserine syrygýardy. Bu pursatlarda gymmatly kitabyň söhbetiniň kalplara nur paýlap, ýüreklere mähir çaýýandygyny duýmak kyn däldi. Ene terbiýesi, perzent söýgüsi, milli gymmatlyklarymyz, halkymyzy has belende göterýän türkmen döwletliligi barada söz açmagyň näderejede ýakymlydygyny synlamagyň lezzeti bir başgady.

Ýurdumyzyň çar künjünden ýygnanan bu adamlar Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň bilelikde guramagynda, hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby esasynda yglan edilen «Bitin çörek — bitin rysgal» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyryna hem-de onuň çäklerinde geçiriljek «Ýörän ýoly ýörelge, eden işi nusgalyk», «Döwrüň enä bagyş eden ajaýyp dessany» atly çärelere gatnaşmaga barýardylar.

* * *

21-nji noýabrda Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby esasynda «Ýörän ýoly ýörelge, eden işi nusgalyk» atly maslahat açyldy. Maslahata ýurdumyzyň ähli künjeginde zähmet çekýän zenanlar, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan ajaýyp üstünlikler barada giňişleýin söhbet etdiler. Olar ýurdumyzda enelere, gelin-gyzlara goýulýan hormatyň juda belentdigini buýsanç bilen bellediler. Mähriban Arkadagymyzyň halkymyza sowgat eden «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynyň gelin-gyzlar üçin gymmatly serpaýdygyny aýtdylar. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň perzent terbiýesindäki nusgalyk ýol-ýörelgesiniň her bir maşgala üçin mekdep bolup durýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler.

Maslahata gatnaşanlar «Ýörän ýoly ýörelge, eden işi nusgalyk», «Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň zenanlar baradaky aladasy döwlet syýasatynyň esasy bölegidir», «Gender deňligi — ösüşlere badalga», «Zenan mertebesi gaýtalanmajak mukaddeslikdir», «Eneleriň ýüregi toý tutýar bu gün», «Dünýä dursun, sen dur, mähriban ene!», «Ýaşaýşyň gözbaşy eziz enedir», «Ýolumyzyň şamçyragy eneler», «Mähriban ene, gahryman ene!» atly çykyşlary gyzgyn garşyladylar.

Bu ýerde guralan kitap sergisi täsirliligi bilen tapawutlandy. Sergide hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri mynasyp orny eýeledi. Maslahata gatnaşanlara ýurdumyzda ösýän dürli melhemlik otlardan taýýarlanan çaýlar hödür edildi.

Günüň ikinji ýarymynda Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby esasynda taýýarlanan «Döwrüň enä bagyş eden ajaýyp dessany» atly çäre geçirildi. Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň artistleriniň we welaýatyň birleşen dessançylar toparynyň taýýarlan çykyşlary tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Bu ýere gelenler «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eser esasynda taýýarlanan edebi-sazly kompozisiýany şowhunly garşyladylar.

Myhmanlar «Köneürgenç» taryhy-medeni goraghanasyna aýlanyp gördüler we bu ýerdäki taryhy ýadygärlikler bilen ýakyndan tanyşdylar.

 

Enemjan ORAZOWA,

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri:

— «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary dürli çäreleri guradylar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guran çäreleriniň her biri halk köpçüliginde giň seslenme tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy ýurdumyzyň ähli enelerini, gelin-gyzlaryny belent ruhubelentlige besledi. Bu ajaýyp eser esasynda dürli bäsleşikler, tegelek stoluh başyndaky söhbetdeşlikler, wagyz-nesihat çäreleri giň gerime eýe bolýar. Daşoguz welaýatynda geçirilen dabaralar hem ene mukaddesligine, ene mähribanlygyna, enäniň perzende berýän edep-terbiýesine bagyşlandy. Görşüňiz ýaly, bu işde bize ýol-ýörelge mekdebi bolup mähriban Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri durýar.

Halkymyza şular ýaly gymmatly kitaplary sowgat edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Реnа AŞYROW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri:

— Hormatly Prezidentimiziň sözleri üçin döredip berýän şertlerinden ruhlanýan gelin-gyzlar ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda üstünlikli zähmet çekýärler. Olaryň yhlasly zähmeti ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşlere gitmeginde saldamly goşant bolýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby sowgat etmegi ähli ulgamlarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň buýsanjyny goşalandyrdy. Bu eseriň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň enä hormatynyň, gelin-gyzlara sarpasynyň näderejede belentdigi aýdyň beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri esasynda dürli bäsleşikleri yglan etdi. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň sebitlere mahsus el hünärleri, milli tagamlary taýýarlaýyşlary açylýar. Munuň özi enelerimiziň nesillere miras goýan milli gymmatlyklarynyň gaýtadan öwrenilmegine, ýaýradylmagyna we kämilleşmegine ýardam edýär.

Enelere, gelin-gyzlara sarpasy belent Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, umumadamzat bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

 

Aşyrdurdy ALLAÝEW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her güni şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, ýurdumyz tanalmaz derejede özgerýär. Ösüş- özgerişlerimize gelin-gyzlaryň mynasyp goşandynyň bolmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň zenanlara, enelere sarpasynyň belentdigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň «End tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda zähmet çekýän gelin-gyzlarymyzyň başyny jemleýär. Bu hakykat Daşoguz welaýatynda geçirilen çäreleriň dowamynda hem aýdyň ýüze çykdy.

Çäräniň dowamynda myhmanlar «Köneürgenç» taryhy-medeni goraghanasyna aýlanyp gördüler. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp eserinde: «...Dünýä taryhynyň ýylýazgysyna türkmen taryhy altyn harplar bilen ýazyldy. Şonda gürgençli meşhur şahsyýetleriň atlary hem ebedi ýaşaýar» diýip belläp geçýär. Taryhy-medeni goraghana syýahat edenler bu aýdylan parasatly jümlelerde beýan edilen maglumatlaryň şek-şübhesiz hakykatdygyna göz ýetirendirler diýip hasap edýäris.

Mähriban Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, abraý-mertebesi hemişe belent bolsun!

 

Taýýarlan Amangül NURMYRADOWA,

ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com