MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu ýylyň sentýabr aýynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen. Türkmenistanyň Halk maslahatynyň birinji mejlisi, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň 2-nji kitabynyň çapdan çykmagy üstümizdäki ýylyň şanly wakalary boldy. Häzirki wagtda bolsa, Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli çözgütleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň ady agzalan kitabyny ilatyň arasynda  wagyz etmek giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

Wekilbazar etrabynyň Mollanepes şäherçesiniň medeniýet öýünde geçirilen maslahat hem ýokardaky meselelere bagyşlandy. Bu maslahaty etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, TZB-niň etrap bölümi hem-de TMÝG-njiň etrap geňeşi bilelikde guradylar. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri, il sylagly ýaşulular we mährem eneler gatnaşdylar.  Maslahatda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Döwlet Amanow, TZB-niň etrap bölüminiň başlygy Ogulsenem Garýagdyýewa, etrap häkimliginiň hünärmeni Allanazar Mejidow, etrabyň J. Atajanow adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjylary Aýdogdy Paltaýew, Ogulmiwe Kakyşowa çykyş etdiler. Olar taryhy maslahatda kabul edilen çözgütleriň ähmiýeti, ýurt Baştutanymyzyň gyzyldan gymmatly kitabynyň many-mazmuny, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki uly orny dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

 

B. MERGENOW,

TMÝG-niň Wekilbazar etrap geňeşiniň hünärmeni

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com