TALYPLAR BÄSLEŞDILER

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek we özgertmek ýolundaky beýik maksatlarymyzy durmuşa geçirmekde bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, bilim işgärleriniň, talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň uly paýy bardyr.

 

«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy esasynda, ýaşlaryň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Bu ajaýyp işler ýaşlaryň uly hyjuw bilen bilim almaklaryna, döretmeklerine giň ýol açýar. Däp-dessurlarymyza, milli medeniýetimize, sungatymyza bolan sarpa, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly ajaýyp häsiýetler ýaşlarymyzyň kalbynda orun alýar. Ýaşlaryň ösen ylmy taglymatlary ele almaklarynda, saýlap alan hünärlerini kämil öwrenmeklerinde, halkymyzyň gymmatlyklaryny içgin bilmeklerinde, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmeklerinde ýurdumyzda geçirilýän bäsleşikdir ýaryşlaryň ähmiýeti örän uludyr.

Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda paýtagtymyzdaky we welaýatlarymyzdaky bilim ojaklarynda okaýan talyplaryň arasynda bäsleşik geçirildi. «Watan eneden başlanýar» atly bu bäsleşik hormatly Prezidentimiziň üç dilde — türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilen, halkymyzyň kalbyna ornan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserine bagyşlandy.

Bäsleşik bäş şertden ybarat boldy: Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan ene hakyndaky rowaýatlary, hekaýatlary çeper keşpde janlandyrmaly; hormatly Prezidentimiziň: «Dünýäde iň kämil döredilen eser hem Ene hüwdüsidir» diýen paýhasyndan ugur alyp, bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar hüwdi aýtmaly; «Ene — ulus iliň enesi, çäksiz hormat eýesi» diýen pähime eýerip, türkmen zenanynyň maşgalada çaga terbiýelemekde, watan- söýüji nesli kemala getirmekde tutýan orny hakynda taýýarlanan wideoroligi görkezmeli; mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň abadançylygy ugrundaky ajaýyp işlerini, Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýan ösüşlerini wasp edýän çykyşlar bilen çykyş etmeli; toparlar el işlere degişli «Çeper eller» sergisini taýýarlamaly we alaja işip görkezmeli.

Bäsleşik çeper döredijilige baý bolup, türkmen we daşary ýurt dillerindäki edilen çykyşlar örän gyzykly boldy. Aýdym-sazlarda, çykyşlarda il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşlar belentde ýaňlandy.

Birinji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyp toparlary, ikinji orna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyp toparlary, üçünji orna bolsa Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp toparlary mynasyp boldular.

Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň taýýarlan gymmat bahaly sowgatlary we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Jennetgül ORAZOWA,

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com