MYHMANSÖÝERLIGIŇ ASYLLY NUSGASY

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir. Olar ýanymyzdaka dünýämiz doludyr.

 

Eneler öz perzentlerine durmuşda özüni nähili alyp barmalydygyny öwredýärler. Olar maşgalada edep-terbiýeli, görüm-göreldeli, eli hünärli, milli tagamlary taýýarlamakdan baş çykarýan gyzlaryň kemala gelmeginde möhüm orny eýeleýärler. Çünki zenanlarymyzyň gadymdan gelýän asylly däp-dessurlary ene bilen gyzyň arasynda nesilme-nesil dowam edip, şu günlerem maşgalanyň abraý-mertebesiniň nusgalyk derejä ýetmeginde mekdep bolup saklanýar. Hormatly Prezidentimiz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde: «Her bir asylly ýörelgäniň dowam etdirilmegi eneleriň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewiniň, ynamynyň netijesinde amala aşýar» diýip belleýär.

Bu myhmansöýerlik babatda-da şeýledir. Türkmen halky myhmansöýerlikde uly meşhurlyga eýe bolan halkdyr. Bu biziň halk döredijiligimizde-de, nusgawy edebiýatymyzda-da giňden şöhlelenýär. Häzirki günlerde-de her bir maşgalada myhmana giňden saçak ýazylyp, dürli-dümen tagamlar hödürlenýär. Türkmen gelin-gyzlary el hünärine ussatlygy ýaly, milli tagamlary taýýarlamakda, eli süýjülikde tapawutlanýarlar. Nagyşlaryň hersine mahsus aýratynlygyň bolşy ýaly, tagamlar hem dürli hili many-mazmuny özünde jemleýärler. Enelerimiz gündelik taýýarlanýan tagamlar bilen bir hatarda, toý-baýramlarda hem dürli hili tagamlary bişiripdirler. Olar çelpek ýaýyp, gatlama gatlap, birnäçe görnüşli çörekleri myhmanlara hödürläpdirler. Toýlarda ýapylýan petir çörek, etli çörek, ýagly çörek datlylygy bilen tapawutlansa, çelpekdir gatlamalar toýlarymyzyň köp bolmagynyň, toýly günlerimiziň gatlak-gatlak bolup gelmeginiň arzuw-hyýallarynyň beýanydyr.

Toýlarda dürli tagamlar taýýarlananda, eneler bilen deň hatarda gelin-gyzlar hem oňa gatnaşýarlar. Munuň özi enelerimiziň bize miras goýan milli tagamlarynyň nesillere kämil derejede ýetmegine we ýaşlarda bulary taýýarlamaga höwesiň artmagyna giň mümkinçilikdir.

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserindäki: «Ejemiň günde näçe wagtyna, näçe dürli nahar bişirýändigi hakynda anyk bir zat aýtmak kyn. Ol nahar taýýarlamagy yhlas bilen uýalaryma hem öwredýärdi» diýen ýatlamalary okamak her bir ynsan üçin juda ýakymlydyr. Munuň özi halkymyzyň görüm-göreldesinden, maşgalanyň döw- letliliginden habar berýär.

 

* * *

 

Golaýda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen «Bitin çörek — bitin rysgal» diýen at bilen yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlar milli tagamlaryň ussatlyk bilen taýýarlanyşynyň şaýady boldular. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby esasynda yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry Diýarymyzyň ähli künjeginde zähmet çekýän eli hünärli, il içinde sylag-sarpaly zenanlaryň, şeýle-de kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň başyny jemledi.

Bäsleşikde deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zenanlar üç şert boýunça bäsleşdiler. Olar bäsleşigiň birinji tap-gyrynda her welaýata mahsus bolan çörekleri bişirmekde, ikinji tapgyrynda dürli görnüşli nahar taýýarlamakda bäsleşdiler. Bäsleşigiň üçünji şertinde zenanlar çelpek ýapmagyň dürli usullaryny açyp görkezdiler.

Bäsleşige Ahal welaýatyndan gatnaşýan zenanlar tamdyra bäşbarmak çörek ýapyp, ysmanakly börek bişirdiler, toý çelpegini ýaýmagyň, bişirmegiň usullaryny görkezdiler. Şol pursatlarda Ahal welaýatyndan bäsleşige gatnaşýan toparyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň pudagara utgaşdyryjysy Akgözel HOJALIÝEWA:

— Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri gelin-gyzlar üçin gymmatly gollanma öwrüldi. Kitapda enäniň maşgalada eýeleýän orny, perzent terbiýesi barada giňişleýin beýan edilýär. Biz öz agzalarymyzyň arasynda geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde, dürli duşuşyklarymyzda bular dogrusynda pikir alyşýarys.

«Bitin çörek — bitin rysgal» diýen at bilen yglan edilen bäsleşikde-de biz birnäçe tagamlary taýýarladyk. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan gelen zenanlaryň taýýarlaýan tagamlary bilen ýakyndan tanyşdyk. Şeýle bäsleşigiň yglan edilmegi tejribelerimiziň artmagyna we gatnaşyklarymyzyň has jebisleşmegine ýakyndan ýardam edýär.

Bize ajaýyp eserleri sowgat edýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris! — diýip, ýürek joşgunyny buýsanç bilen beýan etdi.

Balkan welaýatyndan bäsleşige gatnaşýan Gurbanbagt HAJYÝEWA:

— Bäsleşige gatnaşýan toparlar öz sebitlerine mahsus tagamlary taýýarlap görkezdiler. Biz gowurdakly petir bişirdik, barakly palow taýýarladyk. Bu türkmen zenanlarynyň ussatlygyny açyp görkezýär. Şeýle hem halkymyzyň myhmansöýerliginden habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda mähriban Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň el hünäri, dürli görnüşli tagamlary taýýarlamakdaky ussatlygy barada okaýarkaň, buýsanjyň artýar.

Bu ajaýyp eser ýaş nesliň döwrebap terbiýelenmegine, olaryň dürli el işlerinden baş çykaryp, tagamlary taýýarlamakda ussatlyga ýetmegine oňyn täsir edýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň her bir eseriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň juda uludygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ýiti bolmagyny arzuw edýäris! — diýip, begenç bilen belledi.

Türkmen maşgalalarynda ýaş gyzlaryň eliniň hünärli bolmagy, datly naharlary taýýarlamagyň ussady bolup ýetişmegi babatda aýratyn alada edilýär. Bu asylly ýörelgeleriň öz oňyn netijesini berýändigi «Bitin çörek — bitin rysgal» diýen at bilen yglan edilen bäsleşigiň dowamynda-da aýdyň ýüze çykdy. Daşoguz welaýatyndan bäsleşige gatnaşýan zenanlar öz taýýarlan tagamlarynyň taryhy barada tomaşaçylara gürrüň berdiler.

— Taryha ser salanyňda-da halkymyzyň dürli görnüşli tagamlary taýýarlandyklaryna göz ýetirýäris. Enelerimiz her tagamyň saglyga peýdaly bolmagyna hem aýratyn üns beripdirler. Biziň toparymyz bäsleşige gatnaşýanlara jöwen unundan zagaranyň bişirilişini, jöwenden köje taýýarlanyşyny görkezdiler. Toý çelpegini ýapdylar. Çelpekler dürli görnüşde bolýar. Daşoguz welaýatynda künjüli, şekerli, toşaply çelpekler toýuň ýaraşygy hasaplanýar — diýip, Köneürgenç etrabynyň medeniýet bölüminiň hünärmeni Altyn SEÝIDOWA biz bilen söhbetdeşlikde belledi.

Lebap welaýatyndan bäsleşige gatnaşýan toparyň agzalary kädili çörek, ýörtme, unaş taýýarladylar. Olaryň çelpek ýapyşyny synlaýarkaň, enelerimiziň milli tagamlary taýýarlamakdaky başarnyklarynyň nesilme-nesil dowam edýändigi ünsüňi çekýär.

— Kädili çörek saglyga peýdaly hasaplanýar. Şonuň üçin biz bäsleşikde kädili çöregiň taýýarlanyşyny görkezdik. Bäsleşigiň dowamynda dürli görnüşli çörekleriň taýýarlanyşyny öwrendik. Bişiren çöreklerimizi Ogulabat ejäniň göreldesine eýerip, bitinligine paýladyk. Bu nesillere görelde mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň ähli eserleri ýaşlary terbiýelemekde biziň ýakyn gollanmamyz bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby eneleriň, gelin-gyzlaryň söýgüli eserine öwrüldi. Ol ene mukaddesliginiň hormatlanyşynyň nusgalyk ýoly bolup nur saçýar — diýip, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Akmaral HUDAÝKULYÝEWA gürrüň berdi.

Bäsleşigiň dowamynda etli çörek, somsa bişirmegiň usullaryny görkezen Mary welaýatynyň zenanlarynyň başarjaňlygy hem tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Olaryň kendirik ýazmaga, un elemäge, hamyr ýugurmaga näderejede jogapkärli çemeleş- ýändigi ünsüňden sypmaýardy. Şonda bularyň enelerimiziň görüm-göreldesine hormatynyň uludygy aýdyň duýuldy.

— Saçak biziň mukaddesliklerimiziň biridir. Oňa hormat goýmak bize enelerimizden galan mirasdyr. Biz muny ýaşlara häli-şindi ündeýäris we olaryň dürli tagamlary taýýarlap bilmegi üçin yzygider aladalanýarys. Çöregiň owadan we tagamly bişmegi ussatlygy talap edýär. Sen uny eläniňde-de, hamyry ýugranyňdada, tamdyra ýapanyňda-da juda ünsli bolmaly.

Hormatly Prezidentimiziň her bir eseri ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ýakyn gollanmamyz. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitaby esasynda yglan edilen «Bitin çörek — bitin rysgal» atly bäsleşige gatnaşýandygymyza buýsanýarys — diýip, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymyGülrüh ÝAGŞYÝEWA tamdyrdan çykan çörekleri synlaýarka gürrüň berdi.

Türkmen toýlary özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Munda enelerimiz buýsanç bilen çelpek ýapyp, gatlama bişiripdirler. Oňa ýaşlar hem ýakyndan gatnaşypdyrlar. Bu eneleriň ýaşlara göreldesi hasaplanýar. Eger gyzlaryň biri çelpegi endigan ýaýmasa, eneler sypaýçylyk bilen oňa öwredipdirler.

— Çelpek ýapmak juda usully bolmagy talap edýär. Onuň hamyryny ýugranyňda-da, böleklere böleniňde-de, ýaýanyňda-da, ýapanyňda-da sähel säwlige ýol berseň, çelpegiň çelpege meňzemez. Çelpek birnäçe gelin-gyzlaryň gatnaşmagynda ýaýylsa-da, olaryň ählisiniňki meňzeş bolmalydyr. Çelpegiň aýratynlygynyň birem şoldur. Muny eneler gözegçilikde saklaýarlar.

Bu ýaşlaryň milli tagamlary taýýarlamaga ökdelemegine täsir edýär.

—      Bäsleşigiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň göreldesine eýerip, tamdyra çörek ýapdyk. Ony bitinligine paýladyk. Bu nusgalyk göreldäniň ýaşlaryň kalbynda orun aljakdygyna ynanýarys — diýip, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Orazjemal GELDIÝEWA gürrüň berdi.

Bäsleşik hemişe ýeňijini ýüze çykarýar. Bäsleşige gatnaşýanlaryň arasyndan ussady saýlamak eminleriň paýyna düşýär. «Bitin çörek — bitin rysgal» atly bäsleşigiň eminler toparynyň başlygy Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Änew çörek bişiriji sehiniň çörek bişirijisi Annajeren SADYKOWA bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol:

—      Maşgalada edep-terbiýeli, işbaşarjaň gyzlaryň kemala gelmegi ene göreldesinden gözbaş alýar. «Bitin çörek — bitin rysgal» atly bäsleşigiň dowamynda zenanlarymyzyň dürli tagamlary taýýarlamaga ussatlygy giň beýanyny tapdy. Ýaşlara görelde mekdebi bolýan zenanlaryň dürli tagam taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýändikleri aýratyn bellenilmelidir.

«Bitin çörek — bitin rysgal» atly bäsleşigiň esasy maksady Ogulabat ejäniň dürli tagamlary taýýarlama- ga ussatlygyny nesle ýetirmekden, olaryň her biriniň datly naharlary bişirip bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden gelen zenanlar özara bäsleşdiler. Tagamlar taýýarlanýarka, olaryň taryhy barada hem gürrüň berdiler. Munuň ýaş gyzlaryň durmuşynda mynasyp orny eýelejekdigine ynanýarys.

Döwrebap bilimli, edep-terbiýeli, başarjaň ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! — diýip, buýsanç bilen belledi.

«Bitin çörek — bitin rysgal» diýen at bilen yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda birinji orny Ahal we Lebap welaýatlaryndan gatnaşan toparlar eýelemegi başardylar. Bäsleşigiň baş baýragyna Daşoguz welaýatyndan gatnaşan topar mynasyp boldy.

Bäsleşige gatnaşanlara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşan zenanlar el hünärine hormat goýýan, milli tagamlary taýýarlamakda ussatlygy bilen tapawutlanýan Ogulabat ejäniň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleriniň dowamly bolmagyny alkyşly sözler bilen beýan etdiler.

* * *

Bäsleşik tamamlanyp, uly ruhubelentlik bilen ýola düşülende mähriban Arkadagymyzyň her bir eseriniň ildeşlerimizi bir-birine has ýakynlaşdyrýandygy, jebisleşdirýändigi mese-mälim duýulýardy. Munuň şeýledigini ýüz-gözleri şadyýanlykdan nurlanan ildeşlerimiziň Gahryman Arkadagymyzyň adyna aýdýan alkyşly sözleri hem doly äşgär edýärdi.

 

Amangül NURMYRADOWA,

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com