ZENANLARYŇ HÜNÄR USSATLYGY

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden «Bitin çörek — bitin rysgal» atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyrynda welaýatymyzdan gatnaşan zenanlar — Gökdepe etrabynyň ýaşaýjylary Oguljemal Artyklyýewa hem-de Hallygözel Annaorazowa baýrakly birinji orna mynasyp boldular. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly gymmatly kitaby esasynda guralan bäsleşigiň bu tapgyry Daşoguz welaýatynda geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň milli däp-dessurlarymyza berk eýermegini, dabaraly, döwrebap toýlaryň uludan toýlanylmagyny gazanmak, ýaş nesilde türkmen zenanyna mahsus myhmansöýerlik gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, olarda milli tagamlary taýýarlamaga bolan höwesi artdyrmak, şeýle-de maşgala ojagynyň berk, sagdyn, parahat we agzybir bolmagynda zenanyň ornuny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde oňa gatnaşyjylar milli däp-dessurlara eýermek bilen, tamdyrda çörek ýapmak, türkmen saçagyna mahsus milli naharlary taýýarlamak, toý çelpegini ýapmak boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň bu jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolan bagtyýar zenanlar Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan sylaglandy.

 

Dilraba HOJAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2018      Email: zenan@mail.com