ENE MUKADDESLIGI ÝÜREKLERDE ÝAŞAÝAR

Enäni hormatlamak, enäniň mertebesini belentde saklamak halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Olaryň göreldesi, ýol-ýörelgesi hemişe nesillere mekdep bolup durýar. Şonuň üçin ene mukaddeslikleriň hatarynda sarpalanýar. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseriniň halkymyza sowgat edilmegem ýakymly wakalaryň üstüni ýetirdi.
Ynsan kalbyna mähir bolup ornan bu ajaýyp eseriň enä bagyşlanmagy dünýä täze öwüşgin çaýdy. Gymmatly eseriň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly, perzent terbiýesindäki nusgalyk göreldesi, goňşy gatnaşyklaryndaky asylly ýörelgesi inçelik bilen beýan edilýär. Ene mukaddesligini milli röwüşde beýan eden mähriban Arkadagymyzyň enelere, gelin-gyzlara sarpasynyň belentdedigi kalplara mähir hem söýgi bolup ýol salýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyna bagyşlanan dabaraly çäreler Diýarymyzyň çar künjünde giň gerime eýe boldy. Mähriban Arkadagymyzyň käbesi Ogulabatejäniň göreldesine eýerip, ýurdumyzyň dürli edarakärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar el hünärlerine ussatlyklary, milli tagamlary taýýarlamaga başarnyklary babatda dürli bäsleşiklere gatnaşýarlar. Bu ajaýyp esere bagyşlanan dürli duşuşyklar, maslahatlar ýurdumyzyň dürli künjeklerinde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň başyny jemleýär.
Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym
 mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda «Enätagzym — mukaddeslige tagzym» atly maslahat geçirildi.
Maslahata Diýarymyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň mähriban Watanymyzyň özgermegi babatda alyp barýan maksatnamalaýyn işleri barada buýsançly gürrüň etdiler. Ýurdumyzda enelere, gelin-gyzlara goýulýan sarpanyň her bir adamy yhlasly zähmete ruhlandyrýandygy, jemgyýetimizde gelin-gyzlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagynyň ajaýyp üstünlikleri gazanmaga ýol açýandygy çykyşlarda giň beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eneligi goramaga gönükdirilýän maksatnamalaýyn işleriň barha rowaçlanýandygy esasy üns merkezinde boldy.
Maslahata gatnaşanlar «Enä tagzym
 mukaddeslige tagžym», «Ýaşaýşyň gözbaşy, ýolumyzyň şamçyragy — zenanlar», «Zenan mertebesi gaýtalanmajak mukaddeslikdir», «Gender deňligi — ösüşlere badalga», «Sazlaşykly ösüşlerde zenanlaryň mynasyp orny», «Göreldesi enäniň — el hünäri zenanyň», «Bagtyýar zenanlar Watan buýsanjy», «Eneler müdimi gudrat» atly çykyşlary şowhunly garşyladylar. Gelin-gyzlaryň sarpasyny belentde tutýan mähriban Arkadagymyzyň adyna aýdylýan sagbolsunlar alkyşly sözlere beslendi.
Maslahatyň ahyrynda mährem enelere, gelin-gyzlara sarpasy belent Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maslahata gatnaşanlar Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda guralan «Beýik Ýüpek ýoly — özgertmeler ýoly» atly döredijilik sergisine tomaşa etdiler. Sergide halkymyzyň milli gymmatlyklary, däp-dessurlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredilipdir.
Amangül NURMYRADOWA, «Watan».
 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com