Ýörän ýoly ýörelge, eden işi nusgalyk

Golaýda welaýatymyzda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseriniň esasynda «Ýörän ýoly ýörelge, eden işi nusgalyk» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen işjeň zenanlar, kümüş saçly eneler dabaraly garşylandy. Welaýat häkimliginiň giň eýwanynda guralan milli lybaslaryň, el işleriniň, şaý-sepleriň, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininň önümi, bolan gymmatly kitaplarynyň sergileri, şekillendiriş sungatyna degişli eserler maslahata gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Zenan dünýäsiniň dowamat-dowamynyň ykraryny emele getiren ajaýyp görnüşler ony synlanlaryň kalbyndaky mähir bulagyna özboluşly joşgun eçildi, şol birwagtyň özünde mähremlige hem mukaddeslige beslenen buýsanjy goşalandyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Daşoguz welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilen «Ýörän ýoly ýörelge, eden işi nusgalyk» atly dabaraly maslahat öz işine başlady. Oňa ýurdumyzyň ähli sebitlerinden myhmanlar, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän işewür zenanlar, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, mährem eneler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahaty TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy, TZB-niň Merkezi geňeşiniň agzasy Gurbangül Ataýewa açdy hem-de maslahatyň gün tertibi bilen tanyşdyrdy. G.Ataýewa çykyşynda türkmen döwletiniň hem jemgyýetiniň asyrlaryň dowamynda gazanan üstünlikleriniň, milli ýol-ýörelgeleriniň özeninde zenanlar hakdaky aladanyň giň beýanyny tapandygyny we bu asylly wezipäniň häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda döwrebap derejede dowam etdirilýändigini uly buýsanç bilen belledi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň zenanlaryň zähmet, ýaşaýyş, durmuş şertlerini pugtalandyrmak, olaryň kanuny hukuklaryny kämilleşdirmek, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklaşdyrmak, zenanlaryň durmuş goraglylygyny we bagtyýar geljegini üpjün etmek ugrunda halkara guramalary bilen alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdi. Berkarar Watanymyzda gender meselesi boýunça işlemegiň täze ugurlaryny, görnüşlerini we usullaryny anyk we takyk kesgitlemäge mümkinçilik beerjek hem-de olary hil taýdan täze derejä çykarjak genderdeňhukuklylygyny üpjün etmegiň milli strategiýasynyň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi. Zenanlar baradaky şeýle tükeniksiz aladalaryň nurana beýanynyň hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde çuňňur orun eýeleýändigini nygtady.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Enemjan Orazowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň. Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, TZB-niň Merkezi geňeşiniň agzasy Baýramsoltan Myradowa, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy Gunça Amansähedowa, Daşoguz şäherinden mährem ene Bibijan Durdyýewa, Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabatgurluşyk» birleşiginiň 1-nji gurluşyk-gumama müdirliginiň işgärler bölüminiň baş hünärmeni, Berkararlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy Gözel Orazowa, «Zenan kalby» žurnalynyň bölüm redaktory Ýazgül Annaýewa, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy Akmaral Hudaýkulyýewa, Türkmenistanyň Demokratik .partiýasynyň Bereket etrap komitetiniň başlygy Gurbanbagt Hajyýewa, Daşoguz şäherindäki 12-nji orta mekdebiň mugallymy Aýgözel Amanýazowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda üstümizdäki ýylyň taryhy wakalaryna şan beren ajaýyp gymmatlygyň — eziz Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzyrm atly arzyly eseriniň mazmunynda dünýäniň sazlaşygyny, ebediligini eneleriň keşbinde görýän hormatly Prezidentimiziň öz käbesiniň mysalynda olaryň iň gowy häsiýetleriniň, başarnyklarynyň, yhlasdyr aladalarynyň üsti bilen perzentlerine geçýändigini, onuň esasynda bolsa ilhalar nesliň kemala gelýändigini çuňňur beýan etmeginiň şu günki durmuşymyzyň esasy ýolgorkezijisi bolup durýandygyny ýürek buýsanjyna garyp belläp geçdiler. Ogulabat ejäniň nusgalyk ömrüniň we durmuş ýolunyň her bir türkmen zenanynyň zandyna mahsus häsiýetlerini, edim-gyjymyny, milli ýörelgelerimize ygrarlylygyny açyp görkezýän mahsuslykdygyny buýsanç bilen aýtdylar. Eneleriň perzentleriniň öňündäki, zenanlaryň maşgalanyň öňündäki bitirýän hyzmatlarynyň ýurt derejesinde, şonuň ýaly-da, halkara derejesinde çuňňur ykrara eýedigi, bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatynyň giň häsiýetlidigi nygtaldy.
Dabaraly ýagdaýda geçen maslahat ýurdumyzyň işewür zenanlarynyň döwletiň özgertmelersyýasatyny amala aşyrmakdaky tutumlaryna işjeň gatnaşygynyň pugtalanýandygyny doly açyp görkezdi.
 Maslahat tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenji guraldy. Gezelenjiň dowamynda zenanlar ýurdumyzyň taryhyny şöhratlandyrýan milli eksponatlar, taryhy ýadygärlikleriň gymmatly maglumatlary bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu üstümizdäki Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda mazmun taýdan uly ähmiýete eýe boldy.
Şonuň ýaly-da, bu ýerde «Gender deňligi — ösüşlere badalga» atly şygarastynda söhbetdeşlik guralyp, onda ýurdumyzyň gender deňligi babatdaky üstünlikleri, bu ugurda öňde durýan wezipeler dogrusynda pikir alşyldy.
 
***
Günüň ikinji ýarymynda welaýatyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseriniň esasynda «Döwrüň enä bagyş eden ajaýyp dessany» atly sahnalaşdyrylan tomaşa görkezildi. Welaýatymyzyň medeniýet, sungat ussatlary bu ajaýyp eserde beýan edilen wakalaryň esasynda täsirli sahna oýnuny görkezdiler. Oýnuň edebi esasynyň çuňňur many-mazmuna baýlygy sahna ussatlaryna köpçüligiň ýürek törlerinden orun almaga amatly mümkinçilik berdi. Tutuşlygyna ene hakdaky soňlanmajak aýdyma öwrülen görnüşler mähir bulagyna garylyp, kalplara müdimilik ornady.
Sungat ussatlarynyň, dessançy bagşylaryň Gahryman Arkadagymyzyň eneler hakdaky ajaýyp eseriniň esasynda döreden dessany, keramat-kerem saýylýan enelerimiz, olaryň durmuşdaky orny hakda ýerine ýetiren aýdymlary teatryň giň zalynda uç-gyraksyz bossany ýatladyp, oturan zenanlaryň göwün guşlaryny
al-asmana göterdi.
***
Dabaraly çäreleriň dowamy hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzyrm atly ajaýyp eseriniň esasynda yglan edilen «Bitin çörek — bitin rysgal» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry bilen utgaşdy. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinden gelen işjeň zenanlar, şonuň ýaly-da, welaýatymyzyň öňdebaryjy zenanlary, mährem eneler bäsleşigiň geçirilýän ýeri bolan Köneürgenç şäherinde dabaraly garşylandylar. Olar «Köneürgenç» taryhy-medeni goraghanasyna aýlanyp, gadymy ýadygärlikler bilen içgin tanyşdylar. Şol ýerde ýerleşen Törebeg hanymyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada milli mirasymyzy hem däp-dessurlarymyzy döwrebap keşpde şöhlelendiren dabara aýratyn öwüşgine eýe bolmak bilen, türkmen ojagynyň rysgal-berekedi, gönezligi hasaplanýan milli gymmatlyklarymyzy aýap saklaýan mähriban zenanlarymyzyň köňül owazlarynyň ajaýyp waspyna öwrüldi.
Ajaýyp ýadygärligiň öňündäki toý lybasyna giren meýdançada bäsleşigiň welaýatlarda we Aşgabat şäherinde geçirilen deslapky tapgyryna gatnaşan zenanlar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň görüm-göreldesine eýerip, tamdyra çörek ýapmak, türkmen saçagyna mahsus bolan milli naharlary taýýarlamak, toý çelpegini bişirmek we onuň taryhyny ussatlyk bilen gümiň bermek ýaly ugurlar boýunça özara bäsleşdiler.
Zenanlarymyz milli tagamlarymyzy ussatlyk bilen taýýarladylar.
Bäsleşigiň şertleri boýunça örän ussatlyk hem erjellik bilen çykyş edip, onuň baş baýragyna welaýatymyzyň işjeň zenanlary mynasyp boldular. 1-nji orna Ahal hem-de Lebap, 2-nji oma Aşgabat şäheriniň, Balkan we Mary welaýatlarynyň işjeň zenanlary eýe bolmagy başardylar. «Bitin çörek — bitin rysgal» bäsleşiginde ýeňiji bolan ähli zenanlara TKA-nyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary dabaraly gowşuryldy.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com