«ROWAÇLYGYŇ WATANY» ATLY DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň «Türkmenistan - rowaçlygyň Watany» diý/ip atlandyrylmagy mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde dabaraly maslahat geçirildi. «Rowaçlygyň Watany» atly dabaraly maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde gurady. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän kärdeşler arkalaşyklarynyň işeňňir agzalary, öňdebaryjy gelin-gyzlar we ak gyňaçly mährem eneler gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän taryhy ähmiýetli işlerini, ýurdumyzyň ösüş-özgertmelerini, tamamlanyp barýan ýylda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda ýetilen sepgitleri wagyz-nesihat etmek boýunça Hazaryň kenarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäräniň çäginde geçirilen dabaraly maslahat täsirli çykyşlara baý boldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bölüm müdiri Репа Aşyrow, «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Halmyradow, Balkan welaýatynyň Esenguly etrap medeniýet merkeziniň hünärmeni Arazgeldi Gurbanýazow, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy Jumagül Hojaýewa, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň medeniýet merkeziniň bölüm müdiri Agabeg Tokurowa, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy Halmyrat Babaýew has täsirli çykyş etdiler. Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen ösüşiň belentliklerine tarap barha öňe barýan ata Watanymyzy gurşap alan özgertmeler dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Tamamlanyp barýan ýylyň taryhy ähmiýetli wakalaryna, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, sportda we durmuşyň beýleki ugurlarynda gazanylan üstünliklere aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, 2018-nji ýyl şöhratly taryhymyza zer harplar bilen ýazylar. Bu ýylda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň, iri önümçilik desgalarynyň ençemesiniň gurlup,

dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda örän ähmiýetli boldy. Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda jaý toýlaryny toýlamaga, iri önümçilik kärhanalarynda ýokary amatlykly şertlerde zähmet çekmäge mümkinçilik alan bagtyýar raýatlaryň sany müňlerçedir. Ýurdumyzyň Ahal welaýatynda täze, döwrebap obalaryň dördüsiniň düýbüniň tutulmagy-da guwandyryjydyr. Ýylyň şygary astynda geçirilen çäreleriň dabarasy dag aşdy. «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, şol ugur boýunça welosipedli ýöriş we ylgaw ýaryşy ýurdumyzyň çägindäki taryhy ýadygärlikler, eziz Diýarymyzyň gaýtalanmajak gözellikleri, aýratyn-da, Garagum sährasynyň täsinlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilik açan iri çäreler hökmünde ýakymly duýgular bilen ýatda galdy.

Maslahatda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň hem uly rowaçlyklara beslenjekdigi barada çäksiz buýsanç bilen söhbet açyldy. Çykyşlarda ata Watanymyzda bitirilýän ähli işleriň, gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalarynyň, türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen aladalarynyň durandygy nygtalyp, milli Liderimiziň döwletli başlangyçlarynyň täze ýylda hem rowaç almagy arzuw edildi. Şonuň bilen baglanyşykly, ýurdumyzda giň gerim bilen barha rowaçlanýan ykbal özgerdiji işleri, umumadamzat ähmiýetli ajaýyp başlangyçlary wagyz-nesihat etmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň işeňňir agzalarynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünde durlup geçildi.

Dabaraly maslahatyň dowamy sagaldyş merkeziniň çägindäki başy gök direýän baýramçylyk arçasynda aýdym-sazly şüweleňe utgaşdy. Aýazbabadyr Garpamygyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada Balkan welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary uly şatlyk döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän döwletli işleriniň, bagtyýarlyk döwrümiziň, eziz Watanymyzyň joşgunly waspy bolup ýaňlanan aýdym-sazlar, millilige ýugrulan tanslar deňiz kenaryny alaýaza besledi. Baýramçylyk arçasynyň daşyna ýygnananlar bu ýerdäki ruhubelentlige beslenen tomaşalardan ruhy lezzet aldylar.

Giň gerimli çäräniň dowamynda guralan «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, sport-bedenterbiýe çäreleri hem-de medeni-dynç alyş şüweleňleri baý many-mazmuna eýe boldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça guralan syýahat hem oňa gatnaşyjylara ýatdan çykmajak duýgulary eçildi.

 

Aýdo ŞEKEROW.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com