TÄZE ÝYL ARÇASYNYŇ ŞOWHUNY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzda toýlanýan baýramçylyklar uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýär. Ajaýyp toýdur baýramlar mynasybetli guralýan aýdym-sazly dabaralar bolsa, ruhubelentlige beslenýär. Ine, şeýle dabaralaryň biri hem Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Tejen şäherindäki «Bagt ýoly» toý mekanynda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hem-de welaýatyň Zenanlar bölüminiň, Tejen şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda boldy. Täze ýyla bagyşlanan  baýramçylyk dabarasyna welaýatyň gündogar sebit etraplaryndan — Sarahs, Babadaýhan, Tejen etraplaryndan we Tejen şäherinden gelen çagalar baglarynyň körpeleri hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdy. Dabarada aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Onda Tejen şäher we etrap medeniýet merkeziniň mahmal owazly aýdymçylaryndan Begli Çaryýewiň, Bägül Maşadowanyň, Atageldi Saparowyň, Döwran Durdynazarowyň aýdan aýdymlary täsirliligi bilen tapawutlandy. Aýdymçylaryň ata Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Täze ýyl baýramynyň waspyny edip ýerine ýetiren şowhunly aýdymlary dabaranyň joşgunyny has-da artdyrdy. Belentden ýaňlanan hoş owazly aýdymlardyr, bagtyýarlyk mukamlary dabara gatnaşanlarda unudylmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.

Täze ýyl mynasybetli bagtyýar nesilleriň taýýarlan ajaýyp çykyşlary hem baýramçylyk dabarasynyň bezegine öwrüldi. Dabara gatnaşanlar Tejen şäher bilim bölüminiň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Merdana nesil» tans we aýdymçylar toparynyň taýýarlan aýdymlaryny höwes bilen diňlediler we baýramçylyk tanslaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Aýdym-sazlara utgaşan dabaranyň dowamynda ertekiler dünýäsinden gelen tokaý haýwanjyklary baýramçylygyň hormatly myhmanlary boldular. Bagtyýar nesiller hormatly myhmanlar bilen bilelikde Aýazbabadyr Garpamyjagy aýratyn joşgun bilen garşy aldylar.

— Çagalaryň söýgüli baýramçylygyna bagyşlanan dabara gatnaşmaga geldik. Bu ýerde bagtyýar nesiller bolup, ajaýyp baýramçylygyň, gözel Diýarymyzyň waspyny edýän aýdymlary diňledik. Ertekiler dünýäsinden gelen tokaý haýwanjyklary bilen dostlaşdyk. Olar bilen Aýazbabadyr Garpamygy bile garşylap, aýdym aýtdyk, tans etdik, şatlandyk. Şonuň bilen birlikde hem baýramçylyk mynasybetli sowgat getiren goşgularymyzam Aýazbaba aýdyp berdik. Köňüllerimizi galkyndyrýan pursatda şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza çaga ýüregimizden çykýan alkyşlarymyz çäksizdir — diýip, Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Aýlar Annamämmedowa bu ýerdäki söhbetdeşlikde ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Aýazbaba hem-de Garpamyjak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtly nesillerine Täze ýyl sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdylar we olary nurana baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutladylar.

 

Şasoltan ABDYLLAÝEWA,

“Ahal durmuşy” gazeti

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com