ZENANLAR MERTEBELENÝÄR

Mähriban Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Üstümizdäki ýylyň oktýabr aýynda türkmen wekiliýeti Ženewa şäherine saparyň dowamynda Parlamentara Bileleşigiň 139-njy Assambleýasynyň çäklerinde geçirilýän Zenan parlamentarileriň forumuna gatnaşdy. Forumda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda zenanlar babatda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, zenanlaryň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda tutýan orny, olaryň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, zenanlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada çykyşlar edildi.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Ýylgynly depeden, Altyndepeden, Marguşdan tapylan zenan heýkelleri bar. Taryhymyza göz aýlanymyzda, biziň topragymyzda ýaşan ilkidurmuş adamlarynyň zenanlaryň hormatyna toýundan heýkelleri ýasandyklarynyň şaýady bolýarys.
Belli arheolog Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygynda bürünç zamanynyň ajaýyp ýadygärligi hasaplanýan Marguşda geçirilen gazuw-agtaryşlaryň netijesinde üsti açylan Goňurdepe binagärligi, galalary, köşkleri hem ybadathanalary häzirki wagtda muzeýlerimizde orun tapan haýran galdyryjy tapyndylary bilen bütin dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Gündogaryň siwilizasiýa merkezleriniň biri hasaplanýan Marguşda geçirilen gazuw-agtaryş işleri netijesinde, halylaryň geometrik nagyşlary salnan mozaikalar ýüze çykaryldy. Olaryň arasynda zenanyň mozaikada ýasalan keşbi bar.
Näbelli ussat tarapyndan çekilen goňurdepeli zenanyň keşbi bize büriinç zamanynda zenan maşgalalaryň jemgyýetde tutýan ornunyň ýokary bolandygyndan habar berýär.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi bölümlerinde sergilenýän nakgaş eserlerinde türkmen zenanlarynyň waspy diýseň ýokary derejede ýetirilýär.
XX asyrda ýurdumyza beýleki Respublikalardan gelen suratkeşler türkmen zenanlarynyň el işlerine aşyk bolup, olar öz sungatynda türkmen zenanynyň edim-gylymlaryny, häsiýetlerini, şeýle-de olaryň on barmagynyň hünärini ussatlyk bilen wasp edipdirler. Ukrainadan gelen Ýewgeniýa Adamowa türkmen zenanlarynyň el işlerine aşyk bolup, öz nakgaşlyk  eserlerinde türkmen zenanlarynyň waspyny ýetirmäge başlaýar. Mundan başga-da, Olga Mizgirýowanyň, Ýuliýa Daneşwaryň eserlerinde hem ellerinden dür dökülýän türkmen gelin-gyzlarynyň hünärleri ussatlyk bilen wasp edilýär.
 Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde zähmet çekýänleriň 80 göterimi zenanlardyr. Olar erkekler bilen bir hatarda rejeleýiş işlerini geçirýärler, ylmy maglumatlary ýazýarlar. Muzeýe gelýän myhmanlara birnäçe dilde düşündirişli gezelençleri guraýarlar. Munuň özi gender deňliginiň ýurdumyzda ýokary derejede alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.
Mähriban Arkadagymyz halkymyza «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny peşgeş berdi.
Gahryman Arkadagymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp medeni ojaklarda, muzeýlerde erkekler bilen deňhukukly işlemäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin sagbolsun aýdýarys! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!
Jennet KARANOWA, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Tiirkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň orunbasary.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com