ÝYLYŇ ZENANY

Şu günler Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zenanlarynyň arasynda yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň şäherdir etrap tapgyrlary welaýatymyzda guramaçylykly geçirilýär. Oňa halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar gatnaşyp, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri boýunça ukyp-başarnygyny görkezýärler.
GÖKDEPE. «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşyjy zenanlar etrap merkezindäki Medeniýet köşgüne ýygnandylar. Medeni ojagyň giň eýwanynda bäsleşigiň talaba laýyk we guramaçylykly geçmegi üçin ähli şertler döredildi. Bu bolsa bagtyýar zenanlara bäsleşigiň şertleri boýunça ukyplaryny we başarnyklaryny doly derejede görkezmäge mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi tarapyndan guralan bäsleşikde oňa gatnaşan zenanlar alyp barýan işine we jemgyýetde tutýan ornuna laýyklykda, ugurlaryň birnäçesi boýunça çykyş etdiler. Şol çykyşlar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň guramaçylyk ukybyna eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýandygyny, ene-mamalarymyzdan gelýän el hünärini kämilleşdirmekde, gadymy ruhy gymmatlyklarymyzy, medeni mirasymyzy dünýä ýaýmak boýunça asylly işlerde işjeňlik görkezýändigini, nesil terbiýelemekde, obany ösdürmekde uly hyzmatlary bitirýändigini, telekeçiligiň ösmegine goşant goşýandygyny aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Bäsleşigiň netijesinde degişli ugurlar boýunça ýeňijiler öňe saýlandy we sylaglandy. Her ugur boýunça birinji orna mynasyp bolan zenanlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
AK BUGDAÝ. Etrabyň Gämi obasynyň Medeniýet öýünde geçirilen bäsleşige işjeňlik häsiýeti mahsus boldy. «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň etrap tapgyryna gatnaşmaga gelen bagtyýar zenanlar, ilki bilen, ol ýerde giň gerim alan milli öwüşginli sergi bilen tanyşdylar. Sünnälenilip ýerine ýetirilen el işlerini synlan gelin-gyzlar bu nepis gözelligiň ajaýyp nusgalarynyň ýaşlaryň hem höwes bildirip edýändiklerine buýsandylar. Ajaýyp görnüşlerden göwünleri göterilen zenanlar gezekli-gezegine sahna çykyp, bäsleşigiň şertleri boýunça çykyş etdiler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň önümçilige, ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna ýardam etmek, olaryň ähli ugurlardaky ornuny we işjeňligini ýokarlandyrmak, tekliplerini öwrenmek we goldamak, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň başarnygyny hemde ukybyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölüminiň bilelikde guramagynda bolan bäsleşigiň netijesinde «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlendi. Ýeňijilere bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk berildi we olara sowgatlar gowşuryldy.
Ýörite habarçymyz.

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com