ENE MUKADDESLIKDIR WE DÖWLETLILIKDIR

Golaýda Oguzhan şäherçesiniň merkezinde ýerleşýän «Nowça» çagalar bagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym—mukaddeslige tagzym» kitaby boýunça «Dünýäniň bar görki enedir-ene» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Çärede TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy K. Hojamyradow, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni J. Şiriýewa, etrap zenanlar birleşmesiniň başlygy G. Jumaýewa çykyş etdiler. Olar hormatly Arkadagymyzyň «Enä tagzym —mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň ýaş nesliň watansöýüji, ilhalar, ökde hünärli adamlar bolup ýetişmegi üçin terbiýeçilik ähmiýeti, beýik şahsyýetleriň kemala gelmeginde ata-enäniň göreldesiniň, tälim-terbiýesiniň zerurlygy, enäniň öz perzendine bolan söýgüsiniň we mähremliginiň ornuny tutup biljek gudratyň ýokdugy barada bu kitapdaky rowaýatlara, pähimlere salgylanyp çykyş etdiler.
TDP-niň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap zenanlar birleşmesi tarapyndan guralan bu özboluşly çärede 2-nji çagalar bagynyň «Gün» we «Aý» toparlary mukaddes enelerimizi çeper goşgular, aýdym - sazlar, folklor çykyşlary bilen wasp etmekde, milli tagamlary taýýarlamakda öz aralarynda bäsleşdiler.
Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda bu çärede aýratyn tapawutlananlara TDP-niň etrap komiteti hem-de TMÝG-niň etrap geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Zöhre ÖWEZOWA.
Mary welaýatynyň Oguzhan etrabyndaky 2-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi. TÝMG-niň işjeň agzasy.
 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com