GÜLLE SEN, ROWAÇLANÝAN, EÝ EZIZ WATAN!

Parahatçylygyň, abadançylygyň, dynçlygyň we egsilmez rysgal-berekediň ýyly boljak 2019-njy ýylymyz halkymyzyň islegi, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edildi. Garaşsyz, Bitarap döwletimizde döwrüň talabyndan ugur alnyp, gadam basylýan her bir ýylymyzy döwrebap atlandyrmak ýörelgesi indi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi ata Watany başynyň täji, gözüniň göreji saýýan halkymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan giň gerimli işleriň ähmiýetini ýaýmaga, milli ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmaga, ösüşiň täze basgançaklaryna ýetmekde alnyp barylýan möçberli işleri şöhratlandyrmaga ýardam edýär.
Üstümizdäki ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmegini welaýatymyzyň ruhubelent ýaşaýjylary ýaşuly hem ýaş nesilleri döwletli-döwrana guwanç duýgusy bilen kabul etdiler. Şeýle guwanç bilen döredijilikli zähmet çekilip, welaýatymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ösüşli-üstünlikli netijeleriň gazanyljakdygy, ýylymyzyň şan-şöhratly wakalara beslenjekdigi şu günlerden bellidir. Bitirilen we bitiriljek beýik işleriň ählisi mähriban Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen bagly bolup, Watan ösüşleriniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti, ýurdunyň asudalygy, halkynyň abadançylygy hakyndaky yzygiderli aladasy, ata Watana, mähriban halkyna bolan beýik söýgüsi duýulýar.
Ine, welaýat häkimligi hem-de welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň owadan sahnasynda guralan «Pederleriň arzuw edip ýeteni, Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» atly aýdym-sazly dabara hem rowaçlyklara beslenjek 2019-njy ýylymyza badalga berýän şatlyga beslendi.
Teatryň foesinde guralan Watan ösüşlerini görkezýän sergi oňa syn edenlerde ýakymly we buýsançly täsir galdyrýar. Dabarada Watan gülleýişlerine, ösüşli sepgitlere, belent maksatlaryň amal bolýandygyna buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Baýramaly etrabyndan il sylagly ýaşuly Togtamyş Gylyjow, welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Mährijemal Mämmedowa, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Gurbanow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň wekili Güljemile Hemraýewa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow, «Marygazçykaryş» müdirliginiň ussasy Durdygylyç Meredow, Mary DES-niň bölüm başlygy Sähetmyrat Garaýew, Sakarçäge etrabyndan kärendeçi Ogulşeker Annaorazowa, Marynyň H. Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Nartäç Ýusupdurdyýewa giňişleýin çykyş etdiler. Olar 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň ildeşlerimiziň buýsanjyny artdyran taryhy waka bolup, eziz Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine rowan ýollary, aýdyň geljegi nazarlaýan maksatly işler barada birin-birin durup geçdiler.
Şöhrata beslenen ajaýyp taryhly ýurdumyzda ata-babalarymyzyň bize asuda, abadan ýaşamak hakdaky beýik düşünjeleri miras goýýandyklaryny bellediler. Ýurdumyzda amala aşyrylýan sagat saýyn ösüşleriň ata Watanyň at-abraýyny dünýä ýaýýandygyna, ebedilik şan-şöhraty bilen yz goýan ata mekandaky ösüşleriň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Çykyşlaryň soňy hemmeleriň ör turup el çarpyşmagynda «Arkadaga şöhrat, Gahrymana şöhrat!» diýen buýsançly alkyşlaryna utgaşdy.
Soňra teatryň sahnasynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan konserti boldy. Teatryň artistleriniň ýerine ýetiren «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» atly teatrlaşdyrylan kompozisiýasy ata mekana buýsanç bolup ýaňlandy. Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi Çaryýewiň, aýdymçylar Serdar Tirkişowyň, Mekan Akgaýewiň, Magtymguly Tirkişowyň, Annajemal Gurbangeldiýewanyň, Arslan Hojageldiýewiň rowaçlyga beslenýän Watanymyz, Gahryman Arkadag, bagtyýarlyk hakyndaky aýdymlary, baýramçylyk tanslary göwünleri ganatlandyrdy.
Konsert Türkmenistanyň at gazanan artisti Berdi Geldiýewiň we konserte gatnaşan aýdymçylaryň bilelikde aýdan «Arkadag» diýen aýdymy bilen tamamlandy.
Aýjan ABDYÝEWA.
“Maru-şahu jahan” gazetiniň uly habarçysy.  
 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com