ŞATLYK-ŞOWHUNLY ÇÄRE

2019-njy ýylyň— «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylmagy welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynda uly ruhubelentlik duýgusyny oýardy. Şanly ýylyň şanyna TDP-niň welaýat we Wekilbazar etrap komitetleri tarapyndan «Arkadagyň saýasynda rowaçlanýar Watanym» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. 
Etrabyň Mollanepes adyndaky şäherçe medeniýet öýünde geçirilen çärä partiýanyň, welaýat, etrap komitetleriniň ýolbaşçylarydyr işjeň agzalary, etrabyň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, edara-kärhanalaryň wekilleri, hormatly ýaşululardyr mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.
Çärede TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, etrap zenanlar geňeşiniň başlygy Ogulsenem Garýagdyýewa, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Ýazgeldi Durdygylyjow, etrap ýaşlar geňeşiniň hünärmeni Hajar Garryýewa, etrabyň J. Atajanow adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy Aýdogdy Paltaýew, etrap bilim bölüminiň hünärmeni Atageldi Hanalyýew, etrapdaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy Baýramgözel Akjaýewa çykyş etdiler.
Rowaçlyklaryň mekany bolan ata Watanymyza, şol rowaçlyklaryň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza guwanç-buýsançly sözler çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.
Çäräniň dowamyndaky etrap medeniýet bölüminiň aýdymçy-sazandalarynyň taýýarlan şirin aýdymlary, joşgunly tanslary, folklor çykyşlary, gysgajyk sahnalar çärä gatnaşanlaryň göwnüni ganatlandyrdy.
Aýjan MUHAMMEDOWA.
TDP-nyň Wekilbazar etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.
 

© TÜRKMENISTANYŇ ZENANLAR BIRLEŞIGINIŇ MERKEZI GEŇEŞI zenan.gov.tm 2012-2019      Email: zenan@mail.com